Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giňişleýin orun berýärler.

1594014
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Adam hukuklary boýunça maksatnamany yglan etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adam hukuklary boýunça maksatnamanyň tanyşdyrlyşynda “Maksady: “Azat şahsyýet, güýçli cemgyýet; demokratik Türkiýe” hökmünde kesgitlenen Iş maksatnamamyz 11 ýörelge bilen başlaýar. Bu tapgyryň soňunda 9 maksady, 50 neticäni, 393  çäräni öz içine alýan resminama görnüşinde ýüze çykdy. 2 ýylyň dowamynda iş ýüzüne geçirilmek üçin taýarlandy” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýänin goldawyny hiç haçan unutmarys” söz başyly habarynda, Azerbaýcanyň Medeniýet ministri Anar Kerimowyň: “Doganlyk Türkiýäniň goldawyny diňe bir Garabag söweşinde däl, eýsem taryh boýy duýduk. 100 ýyl ozal Kawkaz yslam goşuny bilen bilelikde Azerbaýcany, Bakuwy duşmandan halas edipdik. Şu günki günde bolsa Garabagy siziň goldawyňyz bilen duşmandan halas etdik. Türk döwletine we doganlarymyza sagbolsun aýdýarys. Bu goldawy hiç haçan unutmadyk, unutmarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Fewral aýynda ähli döwürleriň iň ýokary eksporty” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekcanyň “Fewral aýynda eksportumyz 9,6 göterim ýokarlap, 16,12 milliard dollara barabar boldy. Şeýlelikde 16 milliard dollardan geçip, ähli döwürleriň iň ýokary fewral aýy eksportuny amala aşyrdyk” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Türk ÝUHU-lary Amerikan metbugatynyň birinci sahypasynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasanda uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary boýunça eýe bolan güýcüniň dünýä metbugatynyn hem ünsüni çekmäge dowam edýändigini ýazýar. “Defens Nýusda” berlen habarda türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakda öwgüli sözler aýdylýar.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada liderlige göterildi” söz başyly habarynda, “Ýewropanyň Awianagawigasiýa howpsyzlygy guramasynyň fewral aýynyň 22-28-i aralygyndaky uçuş gatnawy boýunça habarnamasynda günde ortaça uçuş sany taýdan geçen hepde Ýewropada iň gelim-gidimli howa menziliniň Stambul bolandygy beýan edildi” diýip ýazýar. Stambul howa menzili günde ortaça 501 uçuş bilen birinci orny eýeledi.



Degişli Habarlar