Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1589661
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe sanjymlamada 7-nji orunda” söz başyly habarynda, dünýäde täze görnüş koronawirusa garşy sanjymlama 13-nji dekabrda başlan bolsa, Türkiýede 14-nji ýanwarda başlandygyny, ýetilen sepgitde Türkiýäniň dünýäde iň köp sanjym eden 7 ýurtdan biri bolup, ÝB-ne agza ýurtlardan öňe geçendigini ýaýzar. Dünýä boýunça her 100 adamdan 2,63 göterimi koronawirusa garşy sanjymlanan bolsa, Türkiýede häzirki wagta çenli 6,5 million adama sanjym edilip, raýatlaryň 7,75 göterimi sanjymlandy.

“Watan” gazeti “Türkiýe taýardygyny beýan etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň türkmen gazynyň Türkiýä getirilmegi we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy üçin öz borçlaryny berjaý etmäge taýardygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türk awiasiýa taryhynda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli Ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2-niň 300 müň uçuş sagadany üstünlik bilen tamamlap, türk awiasiýa taryhynda täze rekord goýandygyna ünsleri çekýär. Şeýlelikde şol topara degişli howa ulagy, iň uzak möhletli iş alyp baran ilkinji milli howa ulagy boldy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň goldaw bermeginde flot gämisini gurarlar” söz başyly habarynda, Hindistanyň döwlet firmasy “Hindustan Gämi Gurluşyk Werfiniň” Türkiýeden tehnologiýa alyp, deňiz flody üçin gämi gurluşygynyň taýarlyklaryna başlandygyny mälim edýär. Taslamanyň gymmatynyň 1,5-2 milliard dollara barabar boljakdygy habar berilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýä dynç alyş satuwlarynda uly artyş edildi” söz başyly habarynda Britaniýada 8-nji mart bilen 21-nji iýun aralygynda meýilleşdirilen kadalaşma geçiş maksatnamasynyň yglan edilmeginden soň daşary ýurt dynç alyş satuwlarynyň 630 göterim artandygyny, Britaniýada iň köp isleg bildirilýän ýurtlaryň başynda bolsa Türkiýe durýar.



Degişli Habarlar