Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme dördýär

1520762
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdoganyň Elif hakyndaky habarnamasy: “Geçdigi bolsun janym balam” söz başyly habarynda, “İzmirde bolan ýer titremesinden 65 sagat soň Elif Perinçek harabalygyň aşagyndan halas edilipdi. Bu waka millionlarça adamy şatlandyrdy. Ýer titremesiniň simwoluna öwrülen gyzjagazyň hassahanadaky suratlaryny sosial media hasabyndan ýaýradan Prezident Erdogan “Seni, doganlaryň Elzemi we Ezeli, İdili, İnjini we ençeme balalarymyzy bize bahşeden allaga şükür. Geçdigi bolsun janym balam” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “ “Fatih” ýaňadandan işe girişdi. Türkali-1 guýusna bardy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň Twitter hasawbyndan berilen habarnamada “Fatih” burawlaýyş gämisiniň Türkali-1 guýusyna barandygy nygtalyp, “ “Fahit” gözledi, tapdy. İndi bolsa ilkinji anyklaýyş guýusyna gazar” diýilýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Albaýrak: Ykdysady özgertmeler egilşiksiz dowam edýär” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň “Önümçiligi we iş üpjünçiligini artdyrmak, eksporty artdyrmak maksady bilen başladak ykdysady özgertmelerimiz gyşarnyksyz dowam edýär. Oktýabr aýynda eksportumyz geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,6, öňki aý bilen deňeşdirilende bolsa 8,3 göterim ýokarlap, 17,3 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde ýurdumyzyň taryhynda iň ýokary aýlyk eksport mukdaryna ýetdik” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Turkish kargonuň uly üstünligi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň başarjaň kargo markasy “Türkish kargonuň” şu ýyl 36-njysy geçirilen Air kargo nýus Awards 2020-de Ýewropanyň in başarjaň howa kargo markasy hökmünde saýlanyp, “Best kargo Airlaýn-Ýewropa” baýragyna laýyk görülendigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Oktýabrda Ukraina gudraty” söz başyly habarynda, Antalýa oktýabr aýynda 700 müň, 10 aýlyk döwürde bolsa 3,3 million syýahatçynyň gelendigini, Ukrainadan soň oktýabr aýynda 102 müň syýahatçynyň gelendigini nygtap, şol mukdaryň 41 göterimlik artyşa deň gelýändigini ýazýar.



Degişli Habarlar