Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1516625
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan ýewropaly liderlere berk reaksiýa görkezdi: “Çykan ýoluňyzyň soňy tupan” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde Mewlidi Nebi hepdeliginiň açylyş dabarasynda çykyş edip, hamala diýersiňiz yslamy nyşana alan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Germaniýanyň paýtagty Berlindäki metjitde geçirilen barlaga synçy bolup galan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele duýduryş berip: “Başarnyksyzlygyňyzyň üstüni ýapmak üçin çykan ýoluňyzyň soňy tupandyr” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe we Gresiýa Nawteksleri iki taraply görnüşde bes etdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň 29-njy okýabr, Türkiýäniň bolsa 28-nji oktýabr üçin yglan eden Nawtekslerini iki taraply häsýetde bes edendiklerini, şonuň bilen bilelikde Gündogar Ortaýer deňizindäki we Egeýdäki meseleleriň dialog arkaly çözülmeginiň tarapynda durýandygyny görkezmek üçin Ortaýer deňizinde meýilleşdirilen atyşly tälimler boýunça yglan eden Nawteksini bir gezekligine yza çekendigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Albaýrak pudaklaýyn ynam indeksleri bilen önümçilik ukybyndan peýdalanyş mukdarlaryny seljerdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň düýn beýan edilen soňky görkezijileriň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüş depginini goldaýyjy häsýetini dowam etdirýändigini belläp: “Oktýabr aýynda hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 6,4, bölek söwda pudagynyň ynam indeksi 1,7 göterim ýokarlady. Önümçilik ukybyndan peýdalanyş mukdary bolsa 74,9 göterime barabar boldy” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Watan” gazeti “Ministr Warankyň “ösüş beýannamasy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň düýn beren beýannamasynda, “Türkiýäniň ýylyň soňky iki çärýeginde güýç ösüş performasyna eýe bolup, 2020-nji ýyly iň az ýitgi bilen tamamlar. Býujetimiz geçen ýyl bilen deňeşdirilende 50 göterim artdy” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “ “TOGG” sabyrsyzlyk bilen garaşylýan detallar hakynda maglumat berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awtoulagy Başlangyç Toparynyň “Ýerli awtoulagda ulanljak batareýa tehnologiýasynyň detallary hakynda sosial media hasabyndan ýaýradan wideo ýazgy bilen halkyň dykgatyna ýetirdi. Şuňa laýyklykda awtoulaglar 300-500 kilometr aralyga çenli gider we 30 minudyň dowamynda 80 göterime barabar güýçlendirilmäge ukyply bolar” diýip ýazýar.



Degişli Habarlar