Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1513829
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezidentiň metbugat sekretary Kalyn Paşinýanyň beýannamasyna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň Günorta Kawkaza parahatçylygyň we durnuklylygyň Garabagyň halas edilmeginden son geljekdigini beýan edendigini ýazýar. Gazet Kalynyň Twitterden beren habarnamasynda “Paşinýanyň “Garabagda diplomatik çözgüt ýok” diýmegi Ermenistanyň niýetini görkezýär. Kimiň söweş isleýändigi belli. Ol Türkiýäniň we Azerbaýjanyň haklydygyny tassyklady” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “TÜRKSAT 5A-nyn älem giňişligine uçuljak güni belli boldy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň TÜRKSAT 5A hemrasynyň noýabr aýynyň ahyrynda älem giňişligine uçuryljakdygyny beýan edip: “Türksat 5B, 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde, ilkinji milli we ýerli aragatnaşyk hemramyz Türksat 6A 2022-nji ýylda uçurylar” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Turkish Kargo ýene-de 6 ugra nokada uçar” söz başyly habarynda, Turkish kargonyň daşarky uçuşlarda ýene-de 6 nokada uçmaga başlajakdygyny mälim edýär. Habarda firmanyn Londony, Buharesti, Bankogy, Singapury, Beýrudy we Lahory kargo opersaiýalaryna goşandygy nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Garabasanlar” Warşawa film festiwalyndan baýrakly dolandy” söz başyly habarynda, Azra Deniz Okýaýyň ýazan we režisýorlyk eden, Dilek Aýdynyň prodýuserliginde surata alynan “Garabasanlar” filminin 36-njy Warşawa Film festiwalynda Ýaş kino awtorlary guramasynyň emin agzalarynyň “İň çeper film” baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar