Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1509412
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Türkiýäniň Garabagda durnukly çözgüt tapylmagyny goldaýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Aliýew: Türkiýesiz mesele çözülmez” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň gazete beren interwýusynda Ermenistan bilen dowam edýän çaknyşyklar we Garabag boýunça beýannama berendigini mälim edýär. Habarda Aliýewiň Türkiýe degişli bolmasa meseläniň çözülmeginin mümkin bolmajakdygyny nygtap: “Oňa hemmeler düşünmeli” diýen sözlerine orun berilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Täze buşlukly habarlar bar, şenbe güni aýdarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda sözlän sözünde “Täze buşlukly habarlar bar. Enşalla şenbe güni “Fatih” burawlaýyş gämimize baryp, hem alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanşarys hem-de täze gorlaryň mukdaryny beýan ederis” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Ministr Warank: Soňky döwrüň iň möhüm konstruktiw özgertmelerini Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde amala aşyrýarys” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň türk we tehnologiýa ekoulgamynyň güýjüne güýç goşjak taryhy başlangyç edýändiklerini nygtap: “Soňky döwrüň iň möhüm konstruktiw özgergetmesi iş ýüzüne geçdi. Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde Senagatlaşma ýerine ýetiriş toparyny döredýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Sirop bilen 5 minutda koronawirus testi” söz başyly habarynda, türk alymlarynyn koronawirus testleriniň kesgitleýiş güýjüni 20 esse artdyrýan täze usul oýlap tapyp, hassalygy çalt we doly kesgitlemegiň hötdesinden gelendigini ýazýar.



Degişli Habarlar