Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1507968
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdoganyň Gündogar Ortaýer deňizi boýunça çagyryşy” söz başyly habarynda, ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň ýagşy niýetli çemeleşmesine garamazdan Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygy artdyryjy çemeleşmelerini dowam etdirýändigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň Türkiýäniň teklip eden Gündogar Ortaýer Deňizi Maslahatynyň geçirilmegi üçin ÝB-den netijeli başlangyja garaşýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministrliginiň Gresiýa “Orun Reis” hakyndaky jogaby” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrligi tarapyndan Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň “Oruç Reis” gämisiniň iş alyp barmagy üçin yglan edilen NAWTEKS hakynda esassyz habarlary öňe sürüp, garşylygyny ýene bir gezek beýan edendigi nygtalyp: “Gündogar Ortaýer deňizine iň uzyn kenary bolan ýurdumyza 15 kilometr alysda iş alyp barmagyna garşylyk görkezilmegi kabul edilmesizdir” diýilýändigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Altun: Meniňki maňa degişli seniňki geňeşmäge degişli diýýän bolsaňyz gepleşikler bolmaz” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň düýn “Oruç Reis” gämisiniň ýaňadandan işe girişmegi mynasybetli beren beýannamasynda: “Adaty abatlaýyş işlerinden soň Gündogar Ortaýer deňizine dolandy. Deňiz ygtyýar giňişliginiň çäginde işlerini dowam etdirer. Pozisiýamyz açyk: “Meniňki maňa degişli seniňki geňeşmäge degişli diýýän bolsaňyz gepleşikler bolmaz” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe bilen Russiýanyň Goranmak ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň rus kärdeşi Sergeý Şoýgu bilen düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi, ministrlikden berilen beýanamada: “Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri, İdlib we Liwiýa hem-de goranyş we howpsyzlyk ugurlarynda pikir alyşandyklaryny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýede ilkinji gezek litiý öndüriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýede litiý öndüriljekdigini buşlap, ýerli litiýniň gibrid awtoulaglarda hem peýdalanylyp bilinjekdigini, şol çäkde ýokary önümçilik desgasynyň guruljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar