Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1507205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Çawuşoglu, rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler minisri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Mewlüt Çawuşoglu telefon söhbetdeşliginde “Ermenistana ylalaşyga laýyklykda hereket etmegi üçin duýduryş berilmelidigini” nygtady.

“Sabah” gazeti, “Harby jeýanat eden Ermenistana Türkiýe berk garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, Ermenistanyň asuda ilaty nyşana alan hyýanatçylykly hüjüminden soň dünýä ýurtlaryna çagyryş berendigini mälim edýär.Milli Goranmak ministrliginiň çagyryşynda “Halkara jemgyýetçiligi Ermenistana garşy çäre görmeli” diýildi.

“Star” gazeti, “Goranyş we awiasiýa senagatynyň eksportunda Azerbaýjan esasy orun eýeleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş we awiasiýa senagatynyň eksportunda Azerbaýjanyn 77 million 167 müň dollar bilen esasy orun eýeleýändigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti, “Taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň eksporty artýar” söz başyly habarynda, awtomobil pudagynyň eksportundan soň Türkiýäniň eksportunda taýar geýim pudagynyň eksportynyň esasy orun eýeleýändigini pudagyň geçen aýdaky eksportynuň 1,8 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti, “Russiýa:1-Türkiýe:1” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasynyň, UEFA Halklar B ligasynyň 3-nji bäsleşiginde Russiýa bilen bäsleşendigini we bäsleşigiň 1-1 hasaby bilen dene-deň tamamlanandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar