Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1499869
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Ministr Çawuşogly anyk belledi: Bu meseläniň ýeke täk çözgüdi bar" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, düýn Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki ilçihanasyna barandygyny mälim edýär. Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynda geçirilen duşuşykdan soň beren beýanatynda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar bilen bagly: "Bu meseläniň ýeke täk çözgüdi bar, ol hem Ermenistan Azerbaýjandan basyp alan ýerlerinden çekilmelidir. Bu ýerine ýetirilmedigi saýyn mesele çözülmez" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Altundan F-16 bilen bagly beýanat" söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň düýn beren beýanatynda, Türkiýäniň F-16 kysymly harby uçarlarynyň Ermenistana degişli SU-25 kysmly uçaryny ýere gaçyrandygy baradaky öňe sürmeleri berk ýagdaýda tankyt edendigini habar berýär. Fahrettin Altun: "Ermenistan bular ýaly bolgusyz propoganda tapmagyň ýerine, iň gysga wagtda basyp alan ýerlerinden çekilsin" diýendigini habar berýär.

Haber Türk gazedi: "Ömer Çelik: Ermenistan ol ýerde basyp alyjydyr" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň düýn, Adalat we ösüş partiýasynyň baş merkezinde geçirilen Merkezi dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä, metbugat ýygnagyny geçirendigini aýan edýär. Azerbaýjanyň öz topraklaryny goramaga hukugynyň bardygyny aýdan Ömer Çelik: "Daglyk Garabag sebiti Azerbaýjanyň topragydyr. Ermenistan ol ýerde basyp alyjydyr" diýip nygtady. 

Watan gazedi: "Täze bir buşluklu habarymyz bar diýip paýlaşyldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji deňiz ganatly raketasy bolan Atmajanyň, dowamly önümçilikden ozal iň kyn synagyň ýene-de birini üstünlikli ýagdaýda geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir: "Täze bir buşlukly habarymyz bar" diýip, Atmaja raketasy bilen bagly beýanat berdi. 

Star gazedi: "Sentýabr aýynyň Ykdysady ynam indeksi aýan edildi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ykdysady ynam indeksiniň, sentýabr aýynda aýlyk 3,1 göterim ýokarlap, 88,5 göterime ýetendigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #gazet , #Türkiýe , #metbugat

Degişli Habarlar