Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1486844
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Gresiýa berk duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda Türkiýäniň sebitinde sözi geçýän ýurtlardan biridigini beýan edip; “Soňky günlerde Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeýde taryhdan netije çykarman, Türkiýäniň hakyna we hukugyna äsgermezçilik edip, eden-etdilige ýüz urýanlar hem owal-ahyr şol hakykaty kabul etmeli bolarlar. Öz raýatlarynyň howpsyzlygyna we eşretine wehim salýandygyna garamazdan Türkiýäniň garşysynda durýanlar üçin aç-açan aýdasym gelýär, wagty gelende jerimesi agy bolmaz diýip tama edýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň NATO-nyň resmisi bilen möhüm duşuşygy”  söz başyly habarynda, NATO-nyň Harby Komitetiniň Başlygy general Stuart Piç bilen duşuşandygyny ýazýar. Gazet Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Akaryň Piç bilen geçiren duşuşygynda Gündogar Ortaýer deňizindäki wakalar, NATO-nyň baş Sekretarynyň başlangyjy we NATO bilen bagly beýleki meseleler seljerildi” diýilýändigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Ukrain uçar firmasy “Antonow” Türkiýe bilen bilelikde önüm öndürmek isleýär” söz başyly habarynda, Ukrainanyň uçar firmasy “Antonowyň” ýokary derejeli ýolbaşçysy Oleksandr Losyň Türkiýedäki önümçilige esaslanýan çemeleşmäniň özünde uly täsir galdyrandygyny we türk uçar senagatynyň “AN-178” uçarynyň önümçiligine goşulmalydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Sabiha Gökçende ýolagçy gatnawy artýar” söz başyly habarynda, Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menzilinin awgust aýyndaky görkezijileri çap edendigine ünsleri çekýär. Şoňa laýyklykda Sabiha Gökçen howa menzilinden 1,8 million ýolagçy gatnadylan bolsa, şol san iýyl aýyna görä 48 göterimlik ösüşi aňladýar.

“Watan” gazeti “Amerikanyň magdan ýaglaryny öndürýän dünýä belli girmasy Türkiýede zawod açar” söz başyly habarynda, “Petrol Ofisi” bilen “Chevron Brands Intornational LLC-niň” arasynda ylalaşyk gazanylandygyny ýazýar. Gazet Amerikanyň “Chevron” firmasynyň magdan ýaglary boýunça işlerini “Petrol Ofisine” tabşyrandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar