Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1484739
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkiýäniň hukuklaryny we bähbitlerini elmydama hem-de ähli ýerde gorarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideokonferensiýa arkaly gepleşik geçirendigini ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň duşuşykda Gresiýanyň men-men we haksyz çemeleşmesiniň käbir ýurtlar tarapyndan goldanmagynyň kabul edilmesizdigini beýan edip, halkara hukuga äsgermezçilik edýän başlangyçlara garşy Türkiýäniň hukuklaryny we bähbitlerini elmydama we ähli ýerde gorajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “NATO beýan etdi, Türkiýe we Gresiýa gepleşik geçirmek üçin ylalaşdy” söz başyly habarynda, NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýe bilen Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirýän düşünişmezigi hakynda beren ýazmaça beýannamasynda: “Türk we grek liderleri bilen geçiren gepleşiklerimiň netijesinde iki hyzmatdaş ýurt Gündogar Ortaýer deňizinde harby çaknyşygyň öňüni alyjy mehanizmleri döretmek we heläkçilikleriň öňüni almakdaky howplary azaltmak üçin NATO-da tehniki gepleşiklere başlamak boýunça ylalaşdy” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe: “Şertsiz gepleşiklere taýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň NATO-nyň baş Sekretarynyň Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde başlan başlangyjy hakynda beýannama berip,  Gresiýanyň hem şol başlangyja goldaw bermegine garaşylýandygyny, Türkiýäniň Gresiýa bilen arasyndaky ähli düşünişmezlikleri halkara hukuk kadalaryna laýyklykda adalatly we deňlik esasynda durnukly çözgüt tapylmagy üçin şertsiz görnüşde gepleşiklere taýardygyny habar berendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe pandemiýada uly iş bitirdi” söz başyly habarynda, Amerikan türk jemgyýeti tarapyndan geçirilen Kowid-19 tapgyry bilen bagly webinaryň birinjisine myhman bolan Professor doktor Mehmet Özüň Türkiýede berilýän bejergi hakyndaky soraglara jogap berýärkä; “Türkiýe uly iş bitirdi. Lukmanlar Türkiýede ýerlikli protokollary iş ýüzüne geçirýär.  Usllar gyşarnyksyz berjaý edilýär. Türkiýe beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende garrylary goramagyň hötdesinden geldi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýe uzak möhletde energiýa merkezine öwrüler” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän geosyýasy howp boýunça konsalting firmasy “Gulf State Analistiksde” işleýän eýranly Energetika howpsyzlygy analitigi Omid Şükriniň Türkiýäniň Gara denizde tapan 320 milliard m3 tebigy gaz ätiýajynyň sebitde başga ätiýaçlaryň hem bardygynyň görkezijisidigini we degişli şertler döredilen halatynda Türkiýäniň sebitiň energiýa merkezlerinden biri boljakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar