Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1474826
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Ýewropada ilkinji bolar, Prezident Erdogan 19-njy awgustda açar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň garaşsyz energetika syýasatynyň çäginde ägirt uly energetika taslamasyny durmuşa geçirýändigini habar berýär. Ilkinji ýerli integrirlenen güneş panel fabrigi 19-njy awgustda Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde açylar. Ýyllyk panel önümçilik mukdary 500 megawatt boljak fabrigiň ähli önümleriniň ähli önümçilik tapgyry bir ýerde jemlener. Onuň Ýewropada başga bir mysaly ýok. 

Ýeni Şafak gazedi: "Fatih we Ýawuz gämilerinden soň Kanuni gämisi hem Ortaýer deňizine çykmaga taýarlanýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň buraw işlerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Fatih we Ýawuz gämilerine goşmaça ýagdaýda satyn alan Kanuni atly buraw gämisiniň hem Mersin welaýatynyň NATO portynda abatlaýyş, özgertme we täzeleme işleriniň başlanandygyny mälim edýär. 11 müň 400 metr çuňluga çenli barlag geçirmek we 3 müň metre çenli buraw işlerini geçirmek mümkinçiligine eýe bolan Kanuni gämisi, 6-njy nesil ultra deňiz buraw gämisi hökmünde tanalýar. 

Hürriýet gazedi: "7 türk kärhanasy goranyş pudagynyň ägirtleriniň arasynda" söz başyly habarynda, Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Defense News žurnaly tarapyndan her ýyl çap edilýän we dünýäniň iň abraýly goranyş senagaty kärhanalaryň sanawy hökmünde kabul edilýän "Defense News Top 100" sanawynda şu ýyl Türk kärhanalarynyň sanynyň 5-den 7-ä ýetendigini aýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "Amber Heartdan Aýasofýa bilen bagly beýanat" söz başyly habarynda, Birnäçe gün ozal Stambula gelen amerikaly ýyldyz aktrisa Amber Heardyň, Stambul şäherine gezelenç etmäge dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Amber Heard bu gezek bolsa Kapalyçarşy, Aýasofýa we Süleýmaniýe metjitlerine baryp gördi. Stambul şäherinde edýän gezelenç bilen bagly pursatlaryny sosial media hasabyndan paýlaşyp, "Şähere aşyk boldym" diýen Amber Heard, Aýasofýa metjidiniň suratyny hem takmynan 4 million muşdagy bolan hasabyndan paýlaşdy. 

Watan gazedi: "Ýaşaýyş jaý satuwlarynda taryhy rekord" söz başyly habarynda, Türkiýede iýul aýynda satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany, geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 124,3 göterim artyp, 229 müň 357 ýaşaýyş jaýa barabar bolandygyny habar berýär. Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda: "Ýaşaýyş jaý satuwlary iýul aýynda ähli wagtlaryň iň gowy görkezijisine eýe bolup, taryhy rekord goýdy" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #gämi , #metbugat , #Erdogan , #gazet

Degişli Habarlar