Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1472026
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýeden Ýewropa Gresiýa bilen bagly çagyryş" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň, Marmaris etrabynyň takmynan 13 km golaýynda Gresiýa degişli suw giňişliginde, içinde 3 adamyň bolan hususy bir gaýyga od açylmagynyň üstünde durup geçendigini habar berýär. Süleýman Soýlu: "Esasan hem adam hukuklary babatynda mangalyň üstünde kül goýmaýan Ýewropany, Gresiýanyň eden-etdilikleri babatynda duýduryş bermäge we ýerini görkezmäge çagyrýaryn" diýip belledi. 

Star gazedi: "Gresiýa boýun aldy: Hiç kim biz üçin Türkiýe bilen gatnaşyklaryny bozmaz" söz başyly habarynda, Gresiýada esasy oppozisioner partiýa bolan Syrizia partiýasynyň hökümetiň başyndaky döwründe Goranmak ministri we Baş ştabyň başlygy wezipelerini ýerine ýetiren Ewangelos Apostolakisiň, Oruç Reis gämisiniň gözleg meýdançasyna gitmeginden soň başlan Türkiýe-Gresiýa dartgynlygynyň üstünde durup geçendigini mälim edýär. Ewangelos Apostolakis, Gresiýanyň uly ähtimallykda ýeke galjakdygyny belläp, hiç bir tarapyň Gresiýanyň meselesi sebäpli Türkiýe bilen bolan gatnaşyklaryny bozmajakdygyny nygtap geçdi. 

Haber Türk gazedi: "Stambul howa menzili dünýäde ilkinji bolmagy başardy" söz başyly habarynda, Kovid-19 epidemiýasy zamanynda gören öňüni alyş çäreleri bilen ünsleri özüne çeken Stambul howa menziliniň, halkara Howa menzilleri Geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda başladylan "Howa menzilleri saglygy goraýyş akkreditasiýa" programasynyň çäginde berilýän şahadatnamany alan dünýäde ilkinji howa menziliniň bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet gazedi: "Fransuz kärhanasyndan Türkiýä maýa goýum" söz başyly habarynda, Fransiýanyň Imerys kärhanasynyň: "Türkiýede möhüm bir marka we bazar paýyna eýe bolan Haznedar bilen birlikde kärhana hökmünde özgerýän türk bazarynda pozisiýamyzy artdyrmagy pikir edýäris" diýendigini beýan edýär. 

 

Sabah gazedi: "2 günde 40 müň rus syýahatçy geldi" söz başyly habarynda, Antalýanyň gubernatory Ersin Ýazyjynyň, koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň bütin Türkiýede bolşy ýaly Antalýa şäherinde hem ýokary derejede görülendigini aýdandygyny habar berýär. Myhmanlaryň Antalýa gelmäge başlandygyny aýdan Ýazyjy: "Düýn 22 müň rus syýahatçy gelipdi. Şu gün bolsa 17 müň 571 rus syýahatçyny kabul etmäge başladyk. Takmynan ortaça 10 müň töweregi bolan syýahatçy sany düýn 34 müň 996 adama ýetdi" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar