Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1468590
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti, “Daşary işler ministri Çawuşoglu: Liwiýa meselesi heniz çözülmezden gepleşik stolundan çekilen Haftar her pursatda hüjüm edip biler” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn Liwiýa guran saparynyň çäginde beren beýanatynda “Ýagdaý asuda, emma Liwiýa meslesi heniz çözülmedi, tersine diýseň çylşyrymly we ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmäge dowam edilmeli. Biz çözgüt üçin stola outrduk emma stoldan çekilen Haftar boldy. Haftar syýasy çözgüde ynanmaýar we her pursatda hüjüm edip biler” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Iňliz teleýaýlymyndan Türkiýäniň Kovid-19-a garşy alyp barýan göreşi barada öwgüli sözler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Twitterden beren habarnamasynda iňlis teleýaýlymy SKY Nýusyň, Türkiýäniň Kovid-19-a garşy alyp barýan göreşi baradaky öwgüli wideosyna ýer berendigini mälim edýär. Wideoda Türkiýäniň keseliň nireden gelendigini anyklaýyş toparynyň öz işini uly ünlilik bilen ýerine ýetirýändigi nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti, “Awtomobil eksporty iýun aýyna görä 9 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtomobil pudagynyň iýul aýynda, iýun aýy bilen deňeşdirilende 9,2 göterim artandygyny, pudagyň eksportynyň iýun aýynda 2 milliard 16 million, iýul aýynda bolsa 2 milliard 201 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti, “Rolik 168 million dollara Zynga satyldy” söz başyly habarynda merkezi Stambulda ýerleşýän mobil oýun firmasy Rollik Geýmsiň 168 million dollara Amerikaly Zynga firmasyna satylandygyny ýazýar. Zynga iýun aýynda hem türk oýun firmasy Peak geýmsi 1,8 milliard dollara satyn alypdy.



Degişli Habarlar