Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1464423
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Ministr Akar: Her kim Türkiýe Respublikasynyň kabul eden kararlaryna hormat goýmalydyr" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň: "Aýasofýa metjidiniň açylmagy dolulygyna Türkiýe Respublikasynyň özygtyýarlylyk hukugydyr. Bu babatda Türkiýe Respublikasynyň guramadyr-edaralaryndan başga hiç kimiň söz sözlemäge haky ýokdyr. Her kim Türkiýe Respublikasynyň kabul eden kararlaryna hormat goýmalydyr" diýendigini habar berýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Idlibden Türkiýä minnetdarlyk" söz başyly habarynda, Türk esgerleriniň tutanýerli pozisiýasy bilen asudalyga gowuşan Idliblileriň, alan wideolary bilen Türkiýä minnetdarlyk bildirendiklerini mälim edýär. Wideoda Siriýalylaryň biri: "Türk esgerlerine minettdarlyk bildirýäris. Olar biz üçin maşgalalaryny, ýurduny, çagalaryny goýup geldiler, eýýäm 3 ýyl bäri bu ýerde. Türk esgerler bu ýerde kiçiden ula çenli ähli adamlara hormat goýýarlar, bize gowy garaýarlar. Rejep Taýýip Erdogana müňlerçe salam bolsun" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Germaniýanyň syýahatçylyk žurnalyndan Türkiýäniň koronawirusa garşy görýän çäreleri barada öwgi doly sözler" söz başyly habarynda, Germaniýada çap edilýän "Touristik Aktuell" atly syýahatçylyk žurnalynyň, ‘safe tourism’-iň çäginde şahadatnama berilen syýahatçylyk mümkinçiliklerini düşündirýän makalasynda, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy görýän çäreleri barada öwgi doly sözler aýdandygyny aýan edýär. Makalada Türkiýäniň arassaçylyk düzgünlerini örän gowy berjaý edýändigine ünsler çekildi. 

Watan gazedi: "Sümela monastyrynyň tanyşdyrylmagy üçin internet saýt taýarlandy" söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Sümela monastyryny tanyşdyrmak maksady bilen "sumela.gov.tr" atly internet saýt taýarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. "Anadolynyň gizlin gurluşlary ýüze çykarylýar" ýüzlenmesi bilen açylýan internet saýtynda, Sümela monastyrynyň taryhy, binagärçilik gurluşy, abatlaýyş işler bilen bagly suratlar bar. 

Star gazedi: "350 alymyň iş alyp barjak 6G taslamasynda 3 türk alym bar" söz başyly habarynda, Dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtlaryndan jemlenen 350 alymyň 6G taslamasy bilen bagly işler alyp barýandygyny habar berýär. Finlýandiýada, Finlýandiýanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan düzülen bu alymlar geňeşinde, Türkiýeden 3 alym bar. Olar: Prof. Dr. Erdal Panaýyrjy, Dos. Dr. Serhat Erküçük, Dr. Ýalçyn Şadi.


Etiketkalar: #metbugat , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar