Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1451017
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Ministr Soýlu: Guramany weýran edýäris" söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň, alyp barýan üstünlikli operasiýalary bilen ekstremist terror guramasy PKK-ny gönüden, fiziki we psihiki ýagdaýda weýran edýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Süleýman Soýlu: "PKK indi gowaklarynda hem arkaýyn däl. PKK şu günler gorkusyndan ýaňa radio aragatnaşyk enjamyny hem ulanmaýar" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Mejlisiň başlyklygyna ýaňadandan Şentop saýlandy" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Tekirdag welaýatyndan deputaty Mustafa Şentopyň, TBMM-da geçirilen saýlawda 328 deputatyň sesini alyp ýaňadandan TBMM-nyň başlygy wezipesine saýlanandygyny mälim edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýä minnetdarlyk haty: Ýardamlaryňyz bizde ynam döredýär" söz başyly habarynda, Serbiýadaky Bosniýa milli geňeşiniň başlygy Žasmina Kuriçiň, koronawirus epidemiýasynyň gabat gelinen Serbiýanyň Sanjak sebitine Türkiýäniň ugradan lukmançylyk enjam kömegi üçin Prezident Rejep Taýýip Erdogana hat ýazyp minnetdarlyk bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Žasmina Kuriç: "Ugradan lukmançylyk kömekleriňiz, derman we enjamlar sebitiň halky üçin örän möhüm. Ýardamlaryňyz bizde ynam döredýär" diýip nygtady. 

Haber Türk gazedi: "Dünýä epidemiýa zamanynda Türkiýäniň guradylan ir-iýmişlerini sarp etdi" söz başyly habarynda, Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş alyp barylan ýylyň ilkinji ýarymynda Türkiýäniň 606,5 million dollarlyk guradylan ir-iýmiş eksport edendigini beýan edýär. Şol mukdaryň 222,1 million dollarlyk bölegini kişmiş, 114,9 million dollaryny kişde emele getirdi. 

Star gazedi: "Ukrainaly syýahatçylardan Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy barada öwgi doly sözler: Bu ýere gelen haýran galar" söz başyly habarynda, Türkiýä dynç almaga gelen ukrainaly syýahatçylaryň, Kovid-19 epidemiýasyna garşy görülen çäreler bilen howpsyz dynç alyşyň keýpini ýaşaýandygyny aýan edýär. Türkiýede maska we sosial araçäk düzgünleriniň örän gowy berjaý edilýändigini aýdan ukrainaly syýahatçy Kateryna Tretýak: "Bu ýere gelen haýran galar. Türkiýäniň mahabata mätäçliginiň ýokdugyny pikir edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar