Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1449567
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Prezidenti Erdogan “Hakymyzy alarys” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň 26 şäherde gurlan 52 sany Gidroelektrik önümçilik desgalarynyň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda, ÝB-niň Türkiýä garşy tutumyny tankyt edip “ÝB Türkiýe meselesinde iki ýüzli çemeleşýär. Agzalyk etabynda hakymyzy alarys” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Çawuşogly: Koronawirusa garşy täsirli göreş alyp baran ýurtlardan biri bolduk” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş barada beren beýanatynda  “Degişli çäreleriň görülmegi netijesinde koronawirusa garşy täsirli göreş alyp baran ýurtlardan biri bolduk. Türkiýe saglygy goraýyş ulgamy we infstrukturasy taýdan güýçli ýurtlardan biri” diýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti “Türkiýe görelde boldy” söz başlyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda gazanan tejribeleri bilen dünýä ýurtlaryna görelde bolandyklaryna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti, “Ýüzýän harby merkez Anadoly, Türkiýäni deňizlerde “halkara güýç” ýagdaýyna getirer” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Türk ýaragly güýçleriniň deňizara  harby we ynsanperwer  operasiýa ukybynyň artdyrylmagyna uly goşant goşjak, Köp masatly hüjüm gämisi Anadolynyň, milli tank we sowutly ulaglar bilen birlikde 100-e golaý amfi topary bilen 30-dan gowrak howa ulagy daşamak mümkinçiligine eýedigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Ýenişafak” gazeti “Türk alymlarynyň uly üstünligi” söz başyly habarynda, Elazygda Fyrat uniwersitetiniň ylmy işgärleriniň, saçyň taryndan 750 esse has kiçi bolan täze görnüş koronawirusyň gurluşyny, Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan taýarlanan atomiki güýç mikroskoby bilen görmegi başarandygyny buşlaýar.



Degişli Habarlar