Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1447545
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Astana maslahatyndan soň Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Siriýa bilen bagly umumy jarnamasy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatdan soň, umumy jarnamanyň kabul edilendigini habar berýär. Jarnamada Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralmagynyň gerekdigi bellendi. Idlib bilen bagly ylalaşyklaryň durmuşa geçiriljekdigi we durnuklylygyň üpjün ediljekdigi beýan edildi. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýe Günorta-gündogar Ýewropanyň hyzmatdaşlyk etabynyň 2020-2021-nji ýyl üçin döwürleýin başlyklyk wezipesini kabul etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Günorta-gündogar Ýewropanyň hyzmatdaşlyk etabynyň 2020-2021-nji ýyl üçin döwürleýin başlyklyk wezipesini 1 ýyllygyna kabul edip alandygyny mälim edýär.

Watan gazedi: "Daşary işler ministrliginden ÝB-niň syýahatçylyk çäklendirmesine reaksiýa: Lapykeçlige düşdik" söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň, ÝB-niň syýahatçylyk çäklendirmeleri bilen baglanşykly karary barada: "ÝB mejbur bolmadyk syýahatçylyk çäklendirmeleriniň 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap aýrylmagy maslahat berilýän ýurtlaryň arasynda Türkiýäniň bolmazlygy bizi lapykeçlige düşürdi. Bu ýalňyşlygyň iň gysga wagtda düzedilmegine garaşýarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "ABŞ-dan F-35 bilen bagly beýanaty: Türk kärhanalary bilen işleşmäge dowam ederis" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň, F-35 uçarynyň käbir bölekleri üçin 2022-nji ýyla çenli türk kärhanalary bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini aýdandygyny beýan edýär. 

Hürriýet: "Ukrainalylar dynç almak üçin Türkiýä geldi" söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda Kovid-19 sebäpli arakesme berilen uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy bilen düzüminde 189 ýolagçy bolan uçaryň düýn Antalýa howa menziline gelendigini aýan edýär. Epidemiýa sebäpli giň-gerimli çäreleriň görülen howa menziline gelen syýahatçylar: "Türkiýäni göresimiz geldi, salam Türkiýe" diýip ýylylyk kameralaryndan geçdiler. 



Degişli Habarlar