Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1432154
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan Gresiýanyň Aýasofiýa hakyndaky beýanatyna berk garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat beren Prezident R. T. Erdoganyň soňky günlerde Gresiýanyň Aýasofiýa meselesinde görkezýän garşylygyna berk reaksiýa bildirendigini ýazýar.

 Prezident Erdogan, “Aýasofiýany metjide öwürmäň diýýärler. Türkiýäni siz dolandyrýaňyzmy ýada biz ?” diýip belledi.

“Haber Türk” gazeti, “Ömer Çelik;128 ýurtdan 80 müň raýatymyzy Türkiýä getirdik” söz başyly habarynda, Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirlen partiýanyň dolanşyk geňeşiniň maslahatyndan soň beýanat beren Ömek Çeligiň, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 128 ýurtdan 80 müň raýatyň ýurda getirlendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ömer Çelik, 1-nji iýundan başlap daşary ýurtlarda epidemiýa sebäpli ýogalan 558 raýatdan 454-niň jesediniň Türkiýä getirlendigini belledi.

“Star” gazeti, “Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Twitterden Türkiýedäki soňky koronawirus görkezijileri hakynda beren beýanatynda “Wirusa ýoluganlaryň sanynyň artmazlygy üçin maska we gatnaşyklarda belli aralyk dügzünine uly üns breilmeli. Wirusy ýeňen kesellilerimiziň sany gün saýyn artýar. Ýagdaýy agyr kesellilerimiziň sany hem azalýar” diýen sözlerini ýatladýar.

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Warank: 2 müň dem alyş enjamyny daşary ýurda ugratdyk” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Braziliýa 1500-den gowrak dem alyş enjamynyň ugradylandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Ministr Warank “Şeýlelikde häzire çenli 2 müň dem alyş enjamyny daşary ýurda ugratdyk” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýe Liwiýada nebit gözlär” söz başyly habarynda, Energetika we tebigi serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Türkiýäniň Liwiýada nebit gözleg we burawlaýyş işlerini geçirmek üçin ýüz tutandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.



Degişli Habarlar