Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1427144
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Dünýäde saglygy goraýyş ulgamy çöken mahaly Türkiýe ýene-de özüne haýran galdyrdy" söz başyly habarynda, Stambul şäherinde gurluşygy tamamlanan Ýeşilköý Prof.Dr. Murat Dilmener Adatdan daşary ýagdaýlar hassahanasy bilen abtlaýyş işleri tamamlanan Hadymköý Dr. Ismail Niýazi Kurtulmuş hassahanasynyň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen açylandygyny habar berýär. Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreş etabynda möhüm rol eýelejek hassahanalar, şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş syýahatçylygynyň çäginde daşary ýurtly raýatlara hem hyzmat berer. 

Ýeni şafak gazedi: "Britaniýanyň ýaýlym organyndan Türkiýä öwgi doly sözler" söz başyly habarynda, Britaniýanyň BBC habarlar gullugynyň, Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşiniň bir üstünlik hekaýasydygyny belläp, ýurdumyzyň edýän tagallalary barada öwgi doly sözler aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Garaýyşlaryna ýer berilen Kent uniwersitetinden Dr. Jeremi Rossman:"Türkiýe açyk ýagdaýda has uly heläkçiligiň öňüni aldy" diýip bellän bolsa, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkiýe wekili Dr. Irşad Şaikh: "Türkiýäniň halk saglygy boýunça dünýä berip biljek dersleri bar" diýip nygtady. 

Star gazedi: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleri: ABŞ, Russiýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň goşunlaryndan geçdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň takmynan 500 müň adamlyk düzümine garamazdan, ilkinji pursatlardan başlap gören çäreleriniň saýasynda iň az koronawirus wakasyna gabat gelinen dünýä goşunlarynyň biri bolandygyny mälim edýär. Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bu üstünligi bilen ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Italiýa we Britaniýa ýaly ýurtlaryň goşunlaryndan geçdi.

Watan gazedi; "Türkiýede şu ýyl 486 plaža mawy baýdak berildi" söz başyly habarynda, Türkiýede şu ýyl 486 plažyň bawy baýdak almaga hukuk gazanandygyny beýan edýär. Mawy baýdaklara eýe bolan plažlaryň sany boýunça dünýäde 3-nji orunda bolan Türkiýe şu dynç alyş möwsüminde syýahatçylaryň iň köp isleg bildiren zolaklarynyň biri bolar. 

Hürriýet gazedi: "THÝ uçarlarynda beriljek hödür-keremler ýapyk gutylarda bolar" söz başyly habarynda, Koronawirus epidemiýasy sebäpli arakesme berilen uçar saparlaryny şu gün ýaňadandan başlatjak Türk howaýollary kärhanasynyň, berilýän hödür-keremlerede üýtgeşmeler girizendigini aýan edýär. Şoňa laýyklykda uçaryň içinde beriljek naharlar ýapyk gutylaryň içinde bolar, çaý we kofe bolsa berilmez. 


Etiketkalar: #Watan , #THÝ , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar