Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1417180
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Koja: Öňüni alyş çäreler tapgyrlaýyn we gözegçilikli ýagdaýda ýeňilleşdiriler" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň direktory Dr. Hans Klýuge bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly ikitaraplaýyn häsýetde duşuşyk geçirendigini habar berýär. Klýuge Kovid-19 epidemiýasyna garşy üstünlikli göreşi, halkara raýdaşlygy we liderligi üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. Koja bolsa öz gezeginde bu üstünlikli etabyň şu günki gün Türkiýäni kadalaşma meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine iterendigini belläp, kesgitlenen çäreleriň tapgyrlaýyn we gözegçilikli ýagdaýda ýeňilleşdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýan etdi. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Warankdan ýerli anyklaýyş komplekti bilen bagly beýanat" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, koronawirusyň irki etaplarda anyklanmagy bilen bagly PCR usulyna alternatiwa hökmünde täze bir anyklaýyş komplektini oýlap tapandyklaryny belläp: "Prototipi iýun aýynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär" diýendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "EBRD bankynyň baş ykdysadyýetçisi Rojer Kelly: Türkiýäniň öňümizdäki ýyl güýçli bir ýagdaýda, 6 göterim ösüş etmegine garaşýarys" söz başyly habarynda, EBRD bankynyň sebitleýin baş ykdysadyýetçisi Rojer Kellynyň: "Häzirki wagtdaky çaklamamyz Türkiýäniň ykdysadyýetiniň öňümizdäki ýyl güýçli ýagdaýda 6 göterim ösüş etjekdigini pikir edýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Watan gazedi: "Ýewropanyň iň uzyny bolar" söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz sebitini Ýakyn Gündogar, Kawkazlar we Eýran bilen birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän liniýasynda, tamamlanan mahaly dünýäniň 2-nji iň uly, Ýewropanyň bolsa 14,5 kilometri bilen iň uzyn ikitaraplaýyn häsýetdäki ýolly tuneli boljak Täze Zigana tuneliniň gurluşygynyň 68 göteriminiň tamamlanyp barýandygyny beýan edýär. 

Sabah gazedi: "Çukurowanyň erigi ruslaryň üns merkezinde" söz başyly habarynd, Çukurowa welaýatynyň bereketli topraklarynda ýetişdirilen erikleriň, dünýäniň ençeme ýurduna eksport edilýändigini habar berýär. Adana welaýatynyň Kozan etrabyndan Russiýa başda bolmak bilen dünýäniň çar tarapyndan miwe eksport edýän işewür adam Ahmet Sujak, etrapdan 500 müň dollarlyk eksport amala aşyrandyklaryny mälim etdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar