Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1414803
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Türkiýe saglygy goraýyş ulgamynda merkez bolar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Stambul şäheriniň Sanjaktepe etrabyndaky epidemiologik hassahanalaryň baýramyň ahyrky gününde, ýagny 26-njy maýda açyljakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Epidemiologik hassahanalaryny saglygy goraýyş syýahatçylygyny janlandyrmak üçin hem ulanjakdyklaryny aýdan Erdogan: "Daşary ýurtly syrkawlar ABŞ-nyň Kliwlend şäherine gidýärdiler, mundan soň Stambula gelerler" diýip belledi. Erdogan bu göçümi bilen Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamynda merkez boljakdygyny aýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Kovid-19-yň hötdesinden dünýäniň beýleki ýurtlaryndan çalt geleris" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň hatda ösen ýurtlaryň hem öňünde kyn ýagdaýda galan koronawirus epidemiýasy etabynda lukmançylyk enjamlary bilen diňe özüni üpjün etmek bilen çäklenmän, beýleki ýurtlara hem goldaw berendigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan raýatlaryň ählisiniň bilelikde öňüni alyş çärelerine gulak asan halatynda Türkiýäniň dünýäniň beýleki ýurtlarydan Kovid-19-yň hötdesinden has çalt geljekdigini nygtady. 

Star gazedi: "Ýerli derman TR-C 19-yň tapgyrlaýyn önümçiligine başlanar" söz başyly habarynda, Bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýän koronawirus epidemiýasyna garşy täsirli boljak, TR-C 19 atly dermanyň meýletin syrkawlardaky kliniki synaglaryň gysga wagt soň başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. TR-C 19 atly dermanynyň laboratoriýa şertlerinde wirusy täsirsiz ýagdaýa getirýändigi subut edilipdi. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýede maý aýynyň ahyrynda syýahatçylyk başlaýar" söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoýyň Türkiýäniň Syýahatçylyk meýilnamasyny aýan edendigini habar berýär. Ministr Nuri Ersoý, maý aýynyň ahyrynda ýurdyň öz raýatlaryna, iýunyň soňunda bolsa daşary ýurtly raýatlar üçin syýahatçylygyň açyljakdygyny habar berdi. Berilen maglumata görä, howa menzillerinde we gümrük geçelgelerinde ýerli we daşary ýurtly ähli syýahatçylara 2-3 minudyň dowamynda test geçiriler. Otellerde we restoranlarda stollaryň arasy 1,5 metr, oturgyçlaryň arasy bolsa 60 sm bolar. 

Watan gazedi: "Sabiha Gökçen howa menzilinde uçar saparlary gysga wagt soň başlar" söz başyly habarynda, Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menziliniň koronawirus epidemiýasy sebäpli 28 martda ýapylmagyndan soň, indi bolsa 28-nji maýda ýaňadandan öz gapylaryny açjakdygyny beýan edýär. Täze şertlere laýyklykda howa menziliniň içine maskasyz hiç bir ýolagçy girip bilmez. Ýolagçylaryň öňünden çykjak ýada ugratmak isleýän adamlar howa menziliniň içine alynmaz. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar