Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1412526
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "MInistr Koja: Ilkinji tapgyry tamamladyk, ikinji tapgyryň ady gözegçilikli sosial durmuş" söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň baştutanlyk etmegindäki Koronawirusa garşy Ylymy Geňeşiň Kowid-19-a garşy göreşde ýetilen soňky sepgit we degişli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirilendigini habar berýär. Täze döwüri “gözegçilikli sosial durmuş” hökmünde häsýetlendiren ministr Koja: “Gözegçilikli sosial durmuşda iki düzgün bar. Birinjisi daşary çykmaga mejbur bolsaňyz maska dakyň, ikinjisi sosial aralyga üns beriň” diýip belledi. 

Watan gazedi: "Çawuşogly: 128 ýurt Türkiýä ýüz tutdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, dünýäniň 128 ýurdunyň Türkiýeden lukmançylyk enjam kömegini talap edendigini, şolaryň takmynan ýarysyna kömek berilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Çawuşogly: "Dünýä ýurtlarynyň 2/3 bölegi, Türkiýeden lukmançylyk enjam kömeginiň berilmegi barada talap bildirdi. Bu bolsa Türkiýäniň ynamly çeşmedigni subut edýär" diýip nygtady. 

Sabah gazedi: "Ilçilerden Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi barada öwgi doly sözler" söz ýaşyly habarynda, Ankarada koronawirusa garşy göreş tapgyr barada gürrüň beren 7 ilçiniň Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi barada öwgi doly sözler aýdandygyny habar berýär.

Star gazedi: "Meşhur maýadar Mark Mobiusdan möhüm beýanat: Türkiýe üçin mümkinçilik" söz başyly habarynda, Meşhur maýadar Dr. Mark Mobiusyň koronawirus krizisinda Türkiýäniň global söwdada pozisiýasyny güýçlendirip biljekdigini, maýa goýumlardan taýarlaýyş pudaklaryna, nebitiň bahalaryndan gymmat bahaly kagyzlara çenli krizisiň Türkiýe üçin ençeme ugur boýunça bir mümkinçilikdigini aýdandygyny mälim edýär. 

Ýeni şafak gazedi: "Türkiýäni bagtyýar eden sylag" söz başyly habarynda, Izmir Ykdysadyýet uniwersitediniň Lukmançylyk fakultediniň mugallymy Dr. Deniz Jeýlanyň, bipolýar näsaglygy gan testi bilen bilip bolýan işi bilen halkara sylaga laýyk görülendigini aýan edýär. "Ýaş ylmy-derňewçi sylagyna" laýyk görülen Jeýlan, Türkiýede şu sylaga laýyk görülen 3-nji adam boldy. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar