Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1396798
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiýeden Britaniýa ikinji tapgyr lukmançylyk kömegi" söz başyly habarynda, Türkiýeden Britaniýa koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde 2-nji tapgyr lukmançylyk kömeginiň ugradylandygyny habar berdi. Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugy esasynda koronawirusa garşy göreşiň çäginde ulanyljak 2-nji tapgyr lukmançylyk enjam kömegi düýn Britaniýa ugradyldy" diýip mälim edildi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ministr Albaýrak: Hemmämiz bilelikde işläris" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Ähli mümkinçiliklerimiz bilen işgärlerimiziň, iş bilen üpjün edýänlerimiziň, potratçylarymyzyň ýanyndadyrys. Bu eziz millet üçin näme etsek az bolar. Goýuljak eksport rekordlarymyz, taryhy taslamalarymyz, beýik we güýçli Türkiýe maksadymyz bar. Hemmämiz bilelikde, hemişekiden has berk jebisleşip, has köp işläris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Watan gazedi: "Düzüminde bor elementi bolan dezinfisirleýän serişdäniň önümçilik tapgyryna başlandy" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, düzüminde bor elementi bolan dezinfisirleýän serişdeleriniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlanandygyny we bu hepde dükanlarda satylmaga başlanjakdygyny aýdandygyny aýan edýär. Düzüminde bor elementi bolan dezinfisirleýän serişdäniň bahasy beýleki dezinfisirleýän serişdelere garanyňda arzan bolar. 

Star gazedi: "Koronawirusa umyt bolan usul ABŞ-da 35 müň dollar, Ýewropada 25 müň ýewro, Türkiýede mugt" söz başyly habarynda, Türkiýede koronawirusa garşy bejergi bilen baglanşykly işleriň dowam edýändigini beýan edýär. Sanjym we derman oýlap tapmak işlerine ýolbaşçylyk edýän Turgut Özal lukmançylyk merkeziniň Süňk ýülügi transpalntasiýasy bölüminiň direktory Prof.Dr. Mehmet Ali Erkut: "Bular örän gymmat bejergi bolsada, Türkiýede bu bejergi usuly mugt. Bu bejergi üçin ABŞ-da 35 müň dollar, Ýewropada 25 müň ýewro pul alynýar" diýip mälim etdi. 

Hürriýet gazedi: "Dünýäniň iň gadymy halysy türklere degişli" söz başyly habarynda, On dokuzynjy maý uniwersitedinde işleýän Prof. Dr. Ibrahim Tellioglynyň, rus arheolog Rudenkonyň 1949-njy ýylda Altaý daglarynyň eteklerindäki mazarlaryň biriniň içinden çykaran dünýäniň iň gadymy halysynyň türklere degişlidigini aýdandygyny habar berýär. Prof. Dr. Telliogly: "Halynyň ýüzünde ulanylan haýwanlaryň sudurlary, atly söweşijileriň suratlary, atly söweşijileriň atlarynyň daňylgy bolmagy, Hun güli ýaly nagyşlar sungat taryhy taýdan bu halynyň türklere degişlidigini görkezýär" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #Watan , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar