Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1373071
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Ylalaşyk” söz başyly habarynda, Siriýada hökümetiň we ruslaryň gfyrgynçylyklary, täze bosgun akymy we Türkiýäniň “Bahar galkany” operasiýasy sebäpli bütin dünýäniň ünsüni özünde jemlän İdlib meselesiniň düýn Moskwada ara alynyp maslahatlaşylandygyny ýazýar. Gazet Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň 6 sagat dowam eden duşuşygyndan “ylalaşyk” kararynyň çykandygyny. Hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň gije sagat 00:01-de güýje girendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Altun: Türkiýe gumanitar pajyga synçy bolup galmaz” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň siriýaly bosgunlar hakynda Twitter arkaly beren habarnamasynda: “Biz ne ylalaşygymyzdan çekileris, ne-de bu pespäl režimin millionlarça ilaty öldürmegine ýa-da serhetlerimize tarap sürmegine ýol bereris. Hökümet sebitde aşa uly haosa we ýitgi çekilmegine sebäp boldy. Türkiýe gözüniň öňünde gumanitar pajyganyň bolmagyna synçy bolup galmaz” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýeden Hytaýa uly eksport! 500 götreim artdy” söz başyly habarynda, koronawirus keselinin ýüze çykmagyndan soň Hytaýa bir gezeklik maska satuwynyň, egin-eşik we konditer önümlerinde edilýän eksportyň rekord derejede ýokarlamagyna sebäp bolandygyna ünsleri çekýär. Gazet Türkiýeden Hytaýa edilýän egin-eşik we konditer önümleriniň eksportynda, bildirilen maska isleginiň täsiri bilen fewral aýynda 500 göterime barabar ýokarlap, 30,5 million dollara deň bolandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Günde 10 türk dollar millioneri bolar” söz başyly habarynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän “Knigt Frank” konsalting firmasynyň habarnamasyna görä 2019-njy ýylda Türkiýede 1 million dollar we ondan ýokary baýlyğy bolan adamlaryň sanynyň 164,9 müňe ýetendigini mälim edýär. Habarnamada şol sanyň 2024-nji ýylda 183,1 müňe ýetjekdigi çaklanylýar. Ýagny firma 5 ýylyň dowamynda günde ortaça 10 türküň dollar millioneri bolmagyna garaşýar.

“Hürriýet” gazeti “Ýewropanyň iň gowy 30 plýažy sanawyna Türkiýe hem goşuldy” söz başyly habarynda, Britaniýada “Guardian” gazetiniň syýahatçylyk pudagy boýunça žurnalistleriniň Ýewropanyň iň gowy 30 plýažyny saýlandygyny, sanawda Türkiýeden hem 5 plýažyň bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar