Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1365927
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Liwiýanyň Daşary işler ministri: Türkiýe asuda ilaty goramak üçin ýurdumyzda” söz başyly habarynda, Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Muhammed et-Tahir Seýýale, Türkiýäniň ýurdyň paýtagty Tripolidäki asuda ilaty goramak üçin ýurdundadygyny belläp: “Türkiýe bolmadyk bolsady, häzirki pozisiýamyzda bolmagymyzy mümkin bolmazdy. Türkiýäniň Liwiýadaky barlygy, meýdanda deňagramlylygy üpjün edýär” diýendigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Syýahatçylyk 2020-nji ýyla rekord bilen başlady” söz başyly habarynda, Syýahatçylyk pudagynda 2019-njy ýyly rekord görkezijiler bilen ýapan Türkiýäniň, täze ýylada tiz depginler bilen başlandygyny we ähli wagtlaryň ýanwar aýynyň rekordyny goýandygyny beýan edýär. Ýylyň ilkinji aýynda Türkiýä 1 million 787 müň 435 daşary ýurtly syýahatçy gelip gördi. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 2019-njy ýylyň şol bir aýyna garanyňda daşary ýurtly syýahatçy sany boýunça 16,11 göterimlik artyş bar.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň syýahatçylygy öňümizdäki ýyllarda has hem gowy bolar” söz başyly habarynda, Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň başlygynyň orunbasary Gunter Ihlaunyň, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň öňümizdäki ýyllarda has hem gowy boljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Ihlau, Türkiýäniň soňky 20 ýylda syýahatçylyk pudagy boýunça örän özgerendigini mälim etdi. Gün, deňiz we taryhy gözellikleriň Türkiýede tebigy bir sazlaşyk içindedigini aýdan Ihlau, bular ýaly ýeriň dünýäniň başga bir ýerinde bolmandygyny beýan etdi.

Watan gazedi: “Egin-eşik ägirdinden Türkiýe bilen bagly karary” söz başyly habarynda, egin-eşik ägirdi Primark kärhanasynyň eýesi AB Foodsyň maliýe bölüminiň başlygy Jon Basonyň, koronawirusyň Hytaýdan import edilýän egin-eşikleriň  taýarlyk işlerinde bökdençlikler emele getirmegi sebäpli aralarynda Türkiýe hem bolan käbir ýurtlar bilen gepleşikler geçirýändiklerini aýdandygyny mälim edýär. Fewral aýynyň başynda Hytaýda önümçilik etdirýän halkara egin-eşik firmalarynyň, koronawirus sebäpli emele gelen önümçilik howpyna garşy Hytaýdaky tabşyryklaryny geçirmek üçin türk firmalar bilen gepleşikler geçirmäge başlady.

Haber Türk gazedi: “Umytlandyran habar, çäresi Türkiýede bolup biler” söz başyly habarynda, türk alymy Prof. Dr Ibrahim Benter tarapyndan öndürilen ‘ACE2/Angiotensin-(1-7) atly ulgam bilen Hytaýda başlan we gysga wagtyň içinde bütin dünýä ýaýran täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň öňüni alyp boljakdygy baradaky sözlerine ýer berýär. Benter, oýlap tapan ulgamlarynyň, häzirki wagtda şol syrkawlara kömek berip biljek iň täsirli bir usuldygyny belledi. Işleriniň gysga wagtyň içinde konkretleşjekdigini aýdan Benter: “Meniň pikirimçe koronawirusa garşy çäräniň Türkiýeden çykmagy mümkin” diýip nygtady.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar