Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1365070
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan: Türkiýäniň güýji dünýäde duýulýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň ykdysady, harby, syýasy we medeni barlygyny her ýerde görkezýändigini aýdandygyny habar berýär. Ýurdunyň beýgelen netijeliligini daşary ýurtlarda hem duýýandygyny aýdan Erdogan: “Mundan beýläk stolyň başynda Türkiýe bar we biziň bolan ähli stollardaky gepleşikler bilen birlikde bolsa Türkiýäniň güýji dünýäde duýulýar” diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: “Ministr Dönmez: Biz tutanýerlidiris, emlägimizi, hakymyzy hiç kime aldyrmarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Gündogar Ortaýer deňizinde dowam edýän uglewodorod gözleg işleri bilen baglanşykly beýanat berendigini mälim edýär. Sebitde Kiprdäki türkleriň hem hukugynyň bardygyny aýdan Dönmez, uglewodorod gözleg işlerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

Sabah gazedi: “Grek lider Anastasiadisiň arka tutunýan ýurtlary ony halas edip bilmez” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Şarl De Goll atly harby gämisiniň Kipriň Grek bölegindäki Limasol portyna barmagy sebäpli DKTR tarapyndan berk reaksiýa bildirilendigini aýan edýär. DKTR-nyň Ykdysadyýet we energetika ministri Hasan Taçoý: “Grek lideri we ministrleriň fransuz harby gämisinde düşen suratlary, düşünjeleriniň şöhlelenmesidir. Kiprde Türkiýäniň we türk esgerleriniň barlygynyň ýene-de bir gezek nähili derejede möhümdigi ýene-de bir gezek orta çykdy” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Müňlerçe türk Germaniýadaky rasist hüjümleri protest etdi” söz başyly habarynda, Germaniýadaky türkleriň Hessen welaýatynyň Hanau şäherinde 19-njy fewralda 2 aýry kafe guralan we 4-si türk jemi 10 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden soň terrora we yslamafobiýa garşy protest ýörüşini geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Protest ýörüşe Germaniýanyň başga şäherlerinden, Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan we Türkiýeden müňlerçe adam gatnaşdy.

Hürriýet gazedi: “Türk howaýollary kärhanasy syýahatçylyk maksatly uçar gatnawlaryny artdyrýar” söz başyly habarynda, tomus möwsüminde daşary ýurtlardan jemi 26 aýry nokatdan Türkiýäniň syýahatçylyk merkezleri bolan Antalýa, Izmire, Dalamana we Bodruma hepdede 98 aýry uçar gatnawy amala aşyryljakdygyny habar berýär. Üstümizdäki ýylyň tomus aýlarynda daşary ýurtlardaky jemi 20 aýry nokatdan syýahatçylygyň paýtagty Antalýa hepdelik 74 uçar sapary amala aşyrylar. Moskwadan Antalýa şäherine geçen ýyl hepdelik 7 uçar gatnawy amala aşyrylan bolsa, şu ýyl bu san 14-e ýetiriler. Muglanyň Dalaman etrabyna bolsa şu ýyl daşary ýurtlardan jemi 4 aýry nokatdan uçar saparlary guralar.



Degişli Habarlar