Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1359579
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti, “Prezident Erdoganyň Demirgazyk Makedoniýanyň “iň halanýan lideri” hökmünde saýlanandygyny ýazýar.

Merkezi Sweýsariýada ýerleşýän halkara ylmy barlag firmasynyň geçiren sowalnamasyna görä, Prezident R. T. Erdogan “dünýaniň iň halanýan liderleri” sanawynda birinji orny eýeledi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Akar goşmaça esger ugradarys sebiti gözegçilik astyna alarys” diýdi söz başyly habarynda, NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň maslahatda eden çykyşynda “Idlibe hüjümçileriň bes edilmegi üçin goşmaça güýç ugradýarys, Idlibi gözegçilik astyna alarys we munyň üçin degişli çäreleri göreris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “21 aýyň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, dekabr aýynda senagat önümçiliginiň 8,6 göterim artyp soňky 21 aýyň rekordynyň goýlandygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti, “Bikanun ýollardan daşary ýurtlara aýdylyp gidilen 2 eser Türkiýä getirilýär” söz başyly habarynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň bikanun ýollardan daşary ýurtda alnyp gidilen İspartada tapylan biziň eramyzdan ozalky 2 müňünji ýyllara degişli eseriň 15-nji fewralda Britaniýadan Türkiýä getirjekdigini habar berýär.



Degişli Habarlar