Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1344565
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdogandan Berlinde geçirilen Liwiýa temaly maslahat bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň, Türkiýäniň Liwiýada bolmagynyň parahatçylyga bolan umytlary artdyrandygyny aýdandygyny habar berýär. Prezident Erdogan Germaniýa saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugatyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Erdogan Berlindäki Liwiýa temaly maslahat hakynda: “Biz güýçli döwlet bolýan bolsak, güýçli döwlet hökmünde bizden garaşylýan tama uly. Türkiýe parahatçylygyň açary. Liwiýa meselesinde eden başlangyçlarymyz tapgyry deňagramlaşdyrdy. Hem ýerinde hem-de stoluň başynda syýasy tapgyra godawymyz dowam eder” diýdi. Liwiýada Türkiýäniň bolmagynyň parahatçylyga bolan umytlary artdyrandygyny nygtan Erdogan: “Terrorçylyga garşy göreş ady bilen nähili oýunlaryn oýnalýandygyny hem görýäris” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Ibrahim Kalyn: Berlin maslahaty, Liwýada çaknyşyklaryň bes edilmegi we syýasy çözgüt taýdan möhüm bir mümkinçilikdir” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, düýn Berlin maslahaty bilen baglanşykly beýanat berendigini mälim edýär. Ibrahim Kalyn: “Berlin maslahaty, Liwýada çaknyşyklaryň bes edilmegi we syýasy çözgüt üçin möhüm bir mümkinçilikdir” diýip belledi. Kalyn, Prezident Erdoganyň, täsirli we köptaraplaýyn maslahatynyň, Türkiýäni etabyň möhüm bir aktýory ýagdaýyna getirendigini aýan etdi.

Haber Türk gazedi: “Ministr Albaýrakdan möhüm beýanatlar” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, 2019-njy ýylyň jemleri bilen bagly geçirilen maslahatda çykyş edendigini habar berýär. Berat Albaýrak: “2020-nji ýyl 1 belgeli inflýasiýa giriljek bir ýyl bolar” diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: “Daşary ýurtlylar geçen ýyl iň köp Stambuldan we Antalýadan ýaşaýyş jaýyny satyn aldylar” söz başyly habarynda, Türkiýede daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň, 2019-njy ýylda 2018-nji ýyla garanyňda 14,7 göterim artyp, 39 müň 663 müňden 45 müň 483-e ýetendigini beyan edýär. Daşary ýurtlylar Türkiýäniň 81 welaýatynyň arasynda iň köp Stambul welaýatyndan aldylar, olar Stambuldan jemi 20 müň 857 ýaşaýyş jaýyny satyn aldylar.  Stambuldan soň 8 müň 951 jaý bilen Antalýa, 2 müň 539 jaý bilen Ankara, 2 müň 213 jaý bilen Bursa we 1696 jaý bilen Ýalowa welaýaty gelýär. Stambulda we Antalýada daşary ýurtlylaryň satyn alan ýaşaýyş jaýlarynyň sany 29 müň 808 boldy. Şeýlelik bilen jemi satylan ýaşaýyş jaýlaryň ýarsyndan gowragy, bu 2 welaýatda satyn alynandygy bellige alyndy.

Star gazediniň: “TEKNOFEST 2020 güni gündogardan dogar”, söz başyly habarynda bolsa TEKNOFEST 2020 festiwalynyň şu ýyl Milli azat edijilik söweşiniň gahryman şäheri Gaziantepde geçiriljekdigini habar berýär. Eýýäm 2 ýyl bäri myhmanlaryň sany boýunça rekordlar goýýan TEKNOFEST festiwalynyň nobatdakysynyň 2020-nji ýylyň 22-27-nji sentýabr aralygynda Gaziantep howa menzilinde geçiriljekdigini aýan edýär.


Etiketkalar: #Gaziantep , #TEKNOFEST , #gazet

Degişli Habarlar