Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1338448
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Liwiýa esger ugratmak babatynda yza ädim etmeris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň, Türkiýäniň Liwiýa esger ugratmak babatynda millet hökmünde bir millet, bir baýdak, bir watan, bir döwlet şygary bilen uly göreş alyp barýandyklaryny aýdandygyny habar berýär. “Bu mukaddes göreşi hem ýeňiş bilen netijelendireris” diýen Erdogan: “Yzda galyp giden her päsgelçilik, bizi has hem güýçlendirdi. Ýeňişe çenli bize durmak, säginmek, yza ädim etmek ýok. Nirde bolmaly bolsa şol ýerde bolarys, kimiň öňüne çykmaly bolsak hiç çekinmeris” diýip nygtady.

Watan gazedi: “Türkiýe, Yragyň daşary ýurtly güýçleriň söweş meýdanyna öwrülmegini islemeýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Yragyň paýtagty Bagdatda Yragyň Daşary işler ministri Muhammed Ali Al-Hekim bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirendigini beýan edýär. Mewlüt Çawuşogly ol ýerde beren beýanatydna: “Bu saparymyz bilen bermek isleýän ýüzlenmämiz şulardan ybaratdyr: Yrak ýalňyz däldir, bu kyn günleriň hötdesinden gelmek üçin bilelikde işläris. Türkiýe, Yragyň daşary ýurtly güýçleriň söweş meýdanyna öwrülmegini islemeýär” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň ykdysadyýeti 2019-njy ýylda garaşylandan has köp ösüş etdi” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2019-njy ýylda garaşylandan has köp ösüş edendigini aýdandygyny beýan edýär. Albaýrak, orta atylan syýasatlaryň netijesinde halkara guramalaryň aglabalarynyň çaklamalarynyň tersine oňyn bir ýyly başyndan geçirendiklerini aýan etdi. Albaýrak: “2020-nji ýyla has güýçli ädimler bilen girýäris” diýip nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: “Izmirde 250 million tonna kömür ätiýajy tapyldy” söz başyly habarynda, Izmir welaýatynyň Kinik etrabynda kömür magdanynyň tapylandygyny beýan edýär. Geçirilen derňew işleriniň netijesinde takmynan 250 million tonna kömür tapyldy, kömüriň ýylda 5 million tonna, dolulygyna bolsa 40 ýylda çykarylmagy maksat edinilýär. Birnäçe aýyň içinde magdan käninden kömür çykarylmaga başlanar.

Star gazedi: “Türkiýe, Awstraliýada 10 müňe golan düýäniň atylyp öldüriljekdigi baradaky habara alada bildirýär” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelikiň, Awstraliýada biri-birinden tapawutly sebäpler bilen aşa köpelendigi we suw meselesiniň ýüze çykmagyna sebäp döredendigi üçin 10 müňe golaý düýäniň atylyp öldüriljekdigi baradaky habara alada bildirýändiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Awstraliýanyň hökümetine tapawutly bir çözgüt tapmaklary barada çagyryş beren Ömer Çelik: “Ýangynlar sebäpli adamlar ýogaldylar, haýwanlar we ösümlikler, janly-jandarlar ýok boldy. Bu gam-gussa düýeleri öldürmek ýaly rehimsiz bir aksiýany goşmak, örän ýalňyş bolar” diýip nygtady.


Etiketkalar: #Awstraliýa , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar