Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1333187
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti Prezidentiň orunbasary Oktaý Liwiýa we Gündogar Oraýer deňzi hakynda çürt kesik aýtdy: Ol ýere oýunlary bozmak üçin bardyk” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň düýn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berendigini ýazýar. Gazet Oktaýyň Liwiýadaky we Gündogar Ortaýer deňzindäki wakalar barada: “Liwiýada, Kiprde näme işimiz bar diýýänlere ýüzlenýän. Bize garşy oýnalýan oýunlary bozmak üçin gitdik” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Syýahatçylar uly gyzyklanma bildirdi, bir ýylda 1,4 million adam” söz başyly habarynda, Burdur welaýatynyň Ýeşilowa etrabynda ýerleşýän we ak gumagy hem-de mawy suwy bilen Türkiýäniň Maldiwleri atlandyrylýan Salda kölüniň 2019-njy ýylda rekord goýandygyny mälim edýär. Habarda Burdur welaýatynyň gubernatory Hasan Şyldagyň 2019-njy ýylda Salda kölüne 1,4 million adamyň gelip görendigini aýdandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “THÝ ýene-de 4 ugra gatnawa başlar” söz başyly habarynda, Türk howaýollary kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy İlker Aýjynyň kompaniýanyň 2020-nji ýylda floty bilen bilelikde uçuş toruny hem giňeltmäge gönükjekdigini belläp: “Şol äkde Malabo, Haneda, Nýuarka we Wankowere uçar saparlaryny amala aşyrmak üçin ähli taýarlyklaryň görülendigini aýdandygyny  okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň “admiral gämisi” milli maksatnama bilen üpjün ediler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň uly harby gämisi “TG Anadola” dünýädäki iň döwrebap söweş dolandyryş ulgamlaryndan biri hökmünde kabul edlýän “Adwentiň” utgaşdyrylmaga başlanandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türk tagamlary Günorta Koreýada çempion boldy” söz başyly habarynda, Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen Halkara aşpezleriniň bäsleşigine gatnaşana, esasy bölegi zenan aşpezlerden ybarat bolan türk toparynyň milli tagamlar bilen Türkiýä 10 altyn medal gazandyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar