Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1322112
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan berk reaksiýa bildirdi: “Wampirler toparynyň dörändigini görkezýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Nobel baýragy hakynda berk reaksiýa bildirip; “Medeni dünýä üçin Nobeliň wampir intelligentler toparynyň wekillerinden birine berilmegi hamala diýersiňiz wampirler toparynyň dörändigini görkezýär. Nobel diýilýän gurama adyl, ýerlikli baýraklar berýän gurama hökmünde atlandyrylyp bilinmez. Dolulygyna syýasylaşan gurama. Sizi berýän baýraklarynyz hiç kimi ynandyrmaz. Bu baýrak Aziz Sanjara, Orhan Pamuga berilen baýrak ýaly däl. Hiç kimi aldatman” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşoglu beýan etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berendigini ýazýar. Gazet ministr Çawuşoglunyň Liwiýa bilen gazanylan ylalaşygyň hukuga bap gelýändigini nygtap, Liwiýa bilen seismiki barlaglar we burawlaýyş işleri boýunça hem işleşip biljekdiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Hulusi Akaryň S-400 baradaky ýüzlenmesi: “Yza ýol ýok” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn beren beýannamasynda S-400 raketa goranyş ulgamyndan yza gaýdyşyň bolmajakdygyny ýene-de bir gezek beýan edendigini ýazýar. Gazet ministr Akaryň: “Bu ulgam barka-da çözgüt tapyp bileris, bu barada pikir edeliň” diýendigini mälim edýär. Akar hünärmenleriň okuw-seminarlarynyň ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýandygyny, ulgamyň 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda ulanylmaga başlanjakdygyny beýan etdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň enjam eksportynda 10 göterimlik ösüş etmegine garaşylýar” söz başyly habarynda, Enjam eksportçylary bileleşiginiň Baş sekretary Sefa Sadyk Aýtekiniň enjam pudagynyň eksportynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim ösüş edilmegine garaşylýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Aýtekiniň: “Şu ýyl 18,5 milliard dollarlyk eksport ederis. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterime barabar ösüş bar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Hasaplaşyk hasaby oktýabr aýynda 1,5 million dollar artykmaç boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi banky tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna degişli tölegler deňagramlylygyna degişli görkezijileriň çap edilendigini, görkezijilere görä hasaplaşyk işleri oktýabr aýynda 1,5 milliard dollar artykmaç çykan bolsa, 12 aýlyk hasaplaşyk artykmaçklygy bolsa 4,3 milliard dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar