Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1305727
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogandan ÝB-e Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly reaksiýa” söz başyly habarynda, Düýn ABŞ-e sapar guramadan ozal paýtagt Ankaradaky Esenboga howa menzilinde beýanat beren Prezident R.T. Erdoganyň, ÝB-nyň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen bagly girizimegi meýilleşdirýän çäklendiriji sanksiýalaryna nägilelik bildirendigini habar berýär. ÝB-niň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki nebit gözleg işleri baradaky tutumyny tankyt eden Erdogan “Türkiýä Kiprde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hemle atmaga synanşmaň. Biz şol hemlelere boýun egmeris we ýolumyza dowam ederis” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýe 2-nji iň uly elektrik tok önümçiligine taýarlanýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Döwlet maksatnamalarynyň biri bolan Günorta-gündogar Anadoly taslamasynyň (GAP) çäginde, Ylysu suw howdanynyň gidroelektrostansiýasynyň 3 aý soň elektrik tok önümçiligine başlamagyna garaşylýandygyny mälim edýär. Ylysu suw howdanynda suw tutmak işleri gözegçilikli ýagdaýda dowam edýär. Sagatda 4 milliard 120 million kWt elektrik tok önümçilik mümkinçiligine eýe boljak suw howdany, ýurdyň ykdysadyýetine ýyllyk 2 milliard lira goşant goşar.

Sabah gazedi: “THÝ-nyň oktýabr aýynda ýolagçy sany artdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollar kärhanasynyň oktýabr aýynda daşan ýolagçy sanynyň 1,9 göterim artyp, 6,6 million ýolagça ýetendigini aýan edýär. THÝ-nyň Metbugat bölüminden berilen beýanatda, oktýabr aýynda dolulyk derejäniň 83,3 göterim, daşary ýurt gatnawlarynda dolulyk derejäniň 82,9 göterim, ýurdyň içindäki gatnawlarda bolsa 86,2 göterim bolandygy habar berildi.

Haber Türk gazedi: “Sentýabr aýynda gurluşyk harytlarynyň eksporty 1,8 milliard dollara golaýlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gurluşyk harytlary senagatçylary jemgyýeti tarapyndan taýarlanan Gurluşyk harytlary Senagat Daşary söwda indeksiniň 2019-njy ýylyň sentaýabr aýy bilen bagly netijeleriniň aýan edilendigini beýan edýär. Şoňa laýyklykda gurluşyk harytlarynyň eksporty sentýabr aýynda awgust aýyna garanyňda 4,1 göterim  artyp, 1,89 milliard dollara ýetendigini aýan edýär. Eksport mukdar taýdan bolsa 9,6 göterimlik artyş bilen, 4,75 million tonna ýetdi.

Hürriýet gazedi: “Nuri Bilge Jeýlanyň filmleri Rimde we Wenada görkeziler” söz başyly habarynda, Ýunus Emre institutynyň, üstünlikli Türk filmleriniň görkezilişine ýer eýeçiligini edýän Türk filmleri hepdeligi taslamasynyň dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kinemotografiýa edarsynyň goldamagynda alynyp barylýan taslama bilen ýüzlerçe film, biri-birinden tapawutly ýurtlarda kino muşdaklara görkezilýär. Şu günki güne çenli 20 ýurtda geçirilen çäreleriň çäginde, Kan we Antalýa Altyn Pyrtykal ýaly halkara kino-film festiwallarynda adyny dünýä tanadan Nuri Bilge Jeýlanyň filmleri 22-24-nji noýabr aralygynda Rimde, 2-8-nji dekabr aralygynda bolsa Wenada görkeziler.


Etiketkalar: #gazet , #Sabah , #Star , #Erdogan

Degişli Habarlar