Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibini ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1292254
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdoganyň “120” sagat baradaky möhüm beýanaty: Edilmeli möhüm başlangyçlary ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn “TRT World Forumda” “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada: “120 sagatlyk arakesme berdik. 120 sagadyň esasy bölegi geçdi. Ertir Russiýa, Soçi şäherine saparymyz bar. Bu saparda Hormatly Putin bilen meseläni seljerip, şondan soň edilmeli başlangyçlary ederis” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada beýanat berdi: 35 sagatr galdy, yza çekilmeseler operasiýa ýaňadandan başlar” söz başyly habarynda, düýn “TRT World Forumyň” açylyşynda beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çykyşynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada ABŞ bilen gazanylan ylalaşyk barada durup geçip, möhletin gutarmagyna 35 sagadyň galandygyny, 35 sagadyň dowamynda yza çekilmeseler operasiýanyň ýaňadandan başlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Hulusi Akar duýdurdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ bilen 17-nji oktýabrda Siriýanyň demirgazy boýunça gazanylan ylalaşykda ähli şertler berjaý edilen halatynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň tamamlanjakdygyny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Oktaý: 2 milliona barabar siriýalynyň yzyna dolanmagyny meýilleşdirilýäris” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň düýn Ýyldyz Tehniki uniwersitetiniň täze okuw ýylynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde: “Siriýanyň demirgazygyndaky howpsyz zolaga 2 milliona barabar siriýaly bosgunyň dolanyp barmagyny meýilleşdirýäris” diýendigine ünsleri çekýär. Gazet Fuat Oktaýyň 365 müň bosgunyň “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyndan meýletin ýurtlaryna dolanmagyndan soň indi Ýefrat derýasynyň gündogaryny sebitiň halky üçin howpsyz zolaga öwürmekde ygrarlydyklaryny aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Antalýa syýahatçylykda “rekorda doýanok” söz başyly habarynda, “Syýahatçylygyň paýtagty” Antalýanyň kabul eden syýahatçy sanynyň taryhynda ilkinji gezek 14 milliondan geçmeginiň pudagyň wekillerini begendirendigine ünsleri çekýär. Habarda Türkiýäniň myhmanhana hojaýynlary federasiýasynyň başlygy Osman Aýygyň “Garaşylýan üstünlik. Galan möhletde-de ýokary depgin dowam eder we ýylyň ahyrynda 16 milliona ýeteris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar