Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1288948
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Azerbaýjanda möhüm beýanatlar berdi” söz başyly habarynda Prezident R.T.Erdoganyň Türk Geňeşiniň Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki 7-nji Maslahatynda möhüm beýanatlar berendigini ýazýar. Gazet “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada durup geçen Erdoganyň: “Siriýada soňky 8 ýylda başdan geçirenlerimiz bir terror guramasy bilen başga bir terror guramasynyň ýok edilmejekdigini görkezdi. Şol sebäpli “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başlatdyk. Şu güne çenli 1000 inedördül kilometrlik meýdany terrorçylardan sapladyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Çawuşoglu Amerikaly kärdeşi Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeo bilen düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Habarda telefon söhbetdeşliginiň mazmuny barada maglumat berilmandigi, Çawuşoglunyň Türkiýäniň günorta serhetlerinde açylmaga synanşylan terror koridoryny ýok etmek, sebite parahatçylyk we asudalyk getirmek maksady bilen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başladan güni bolan 9-njy oktýabrda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk geňeşiniň Ýokary derejeli maslahatynyň bilelikdäki Jarnamasynda “Parahatçylyk Çeşmesi” baradaky karar” söz başyly habarynda, düýn Azerbaýjanda geçirilen Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geneşiniň Döwlet ýolbaşçylarynyň 7-nji Maslahatynyň jemleýji jarnamasynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna goldaw bermek hakynda karara gelinendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Terror guramasynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy gorky döretdi: Her bir ýola ýüz tutýarlar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň milli goşuny bilen Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň üstünlik bilen dowam edýändigini, terror guramasy ÝPG/PKK terrorçylarynyň adaty egin-eşikler geýinip, halkyň arasyna goşulýandygyny we gaçmaga synanşýandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türki dilli döwletlere 5 ýylda 24,5 milliard dollarlyk eksport” söz başyly habarynda, Türkiýeden 2014-2018-nji ýyllaryň aralygynda Orta Aziýadaky doganlyk döwletlere 24,5 milliard dollarlyk eksport edilendigine ünsleri çekýär. Gazet şonuň 8,88 milliard dollarlyk böleginiň Azerbaýjana edilendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar