Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1285226
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan: Operasiýa başlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Siriýada operasiýanyň başlamagyny:”Türk ýaragly güýçlerimiz Siriýanyň Milli goşuny bilen bilelikde Siriýanyň demirgazygynda terror guramalary PKK/ÝPG-ä we DAİŞ-e garşy #Parahatçylyk Çeşmesi Operasiýasyny başlatdy. Maksadymyz günorta serhedimizde açylmaga synanşylýan terror koridoryny ýok etmek we sebite parahatçylygy hem-de asudalygy getirmek” diýlen ýüzlenme bilen habar berendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Çawuşoglyndan operasiýa ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Siriýanyň demirgazygyndaky terror guramasy ÝPG/PKK degişli pozisiýalara garşy düýn başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýa barada: “Operasiýamyz halkara hukuga, BMG-niň Konwensiýasynyň 51-nji maddasyna we BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň terrorçylyga garşy göreş hakyndaky kararlaryna laýyklykda berjaý edilýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “İbrahim Kalyn ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň düýn ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Obraýn bilen telefon söhbetdeşlik geçirip, Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi we ol ýerde mundan beýläk edilmegi meýilleşdirilýän başlangyçlar barada pikir alyşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Tekirdagda baý tebigy gaz käni tapyldy” söz başyly habarynda, “Türkiýe Nebitleri Paýdarlar Jemgyýetiniň” Tekirdag welaýatynyň Kapakly etrabynda geçiren tebigy gaz gözleg işleriniň netijeli bolandygyny ýazýar. Gazet sebitde baý tebigy gaz käniniň tapylandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Bütindünýä banky Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny özgertdi” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň türk ykdysadyýeti üçin 2019-njy ýyldaky ösüş çaklamasyny özgerdip, ýokarlandyrandygyna ünsleri çekýär. 2019-njy ýylda türk ykdysadyýetiniň 1 göterim aşaklajakdygy baradaky çaklamasyny 0,0 göterim görnüşinde üýtgeden Bütindünýä banky 2020-nji we 2021-nji ýyllar üçin içerki milli girdeji çaklamalaryny bolsa üýtgetmedi.



Degişli Habarlar