Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1284640
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Siriýa we Yraga operasiýa guramak hakyndaky ygtyýarnamanyň möhleti uzaldyldy” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçlerine Siriýada we Yrakda serhetaşa operasiýa guramak hakyndaky Prezidentiň ygtyýarnamasynyň Mejlisiň Baş Assambleýasynda kabul edilendigini habar berýär. Ygtyýarnamanyň möhleti 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabryna çenli uzaldyldy. Kabul edilen ygtyýarnama bilen Türk ýaragly güýçleriniň Yrakdaky we Siriýadaky terror toparlaryna garşy alyp barýan göreşiniň çäginde serhetaşa operasiýalar guramagy nazarda tutulýar. Ygtyýarnama; Adalat we ösüş partiýasynyň, Respublikan halk partiýasynyň, Milletçi hereket partiýasynyň we Gowy partiýanyň halk deputatlarynyň ses bermeginde kabul edildi.

Star gazüedi: “Wuçiçden Erdogana öwgüli sözler: Maňa onuň ýaly ýene-de bir dünýä liderini görkeziň” söz başyly habarynda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiýede häkimiýetiň başyna geçen wagtynda adam başyna düşýän girdejiniň 3500 dolar bolan bolsa, häzirki wagtda şol mukdaryň 11 müň dollara ýetendigini aýan etdi. Wuçiç: “Maňa munyň hötdesinden gelen başga bir dünýä ýa-da Ýewropa lideri görkeziň” diýip belledi.

Watan gazedi: “Erdogan-Tramp duşuşygynyň senenamasy belli boldy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 13-nji noýabrda ABŞ-e sapar gurajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Tramp sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: "Ençeme tarap Türkiýäniň ABŞ-nyň uly bir söwda hyzmatdaşydygyny ýatdan çykarýar. Türkiýe F-35 harby uçarlarynyň polat gabarasyny ýasaýar. Şol bir wagtda Idlibde köp sanda adamyň halas edilmeginde maňa kömek berdi. Mundan başgada ruhany Bransonyň yzyna gaýdyp gelmegini üpjün etdi. Has möhüm bolan zat bolsa, Türkiýäniň NATO-nyň abraýy belent bir agzasydygyny ýatdan çykarmaň" diýip nygtady. 

Haber Türk gazedi: “Türkiýe we Russiýa dollara garşy ylalaşdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Russiýanyň söwdada dollarizasiýanyň täsirini azaltmak, rublyň we türk lirasynyň ulanylşyny artdyrmak maksady bilen resmi şertnama gol çekişendiklerini aýan edýär. Russiýanyň Maliýe ministri Anton Siluanowyň aýtmagyna görä 4-nji oktýabrda baglaşylan şertnama laýyklykda Türkiýe, Russiýanyň goşmaça swift we kredit kart infrastrukturalaryna integrasiýa bolup biler.

Hürriýet gazedi: “Stambul, dünýäniň iň howpsyz şäherleriniň arasynda” söz başyly habarynda, Her ýyl Numbeo tarapyndan taýarlanýan dünýäniň iň howpsyz şäherleriň sanawynyň aýan edilendigini habar berýär. Çap edilen sanawa görä, dünýäniň iň howpsyz şäherleriniň sanawynda Türkiýeden ençeme şäher bar. Sanawa görä, Türkiýäniň iň howpsyz şäheri Eskişehir şäheri boldy. Eskişehir şäheriniň 10-njy bolup giren sanawynda Stambul, Ankara, Izmir we Bursa ýaly şäherler hem bar.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň uçuş tory 172 ýurda ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Solomon adalarynyň arasynda ikitaraplaýyn awiasia ylalaşygynyň baglaşylmagy netijesinde Türkiýäniň uçuş torynyň 172 ýurda ýetendigini beýan edýär. Ylalaşyk bilen Türkiýedäki ähli nokatlarda Solomon adalaryndaky ähli nokatlara, hepdede 5 gezek ýolagçy uçar sapary we 5 gezek ýük daşama gatnawy amala aşyrylar.


Etiketkalar: #Serbiýa , #Erdogan , #gazet

Degişli Habarlar