Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1273205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Soýlu ýurduna dolanan siriýalylaryň sanyny beýan etdi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň: “Ýurdumyzda wagtlaýyn gorag astyna alyş derejesi bilen ýaşaýan siriýalylaryň sany 3,5 milliondan geçdi. “Ýefrat galkany” we “Zeýtun şahajygy” operasiýalary bilen döreden howpsyz şertlerimiz netijesinde şu günki güne çenli 354 müň siriýaly meýletin ýaýdaýda ýurduna dolandy” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Selçuk Baýraktar beýan etdi: 122 ýurt gatnaşdy” söz başyly habarynda, “Baýraktar Teknik” firmasynyň müdiri Selçuk Baýraktaryň “TEKNOFEST Stambul” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalyna bolan gatnaşygyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny nygtap: “Geçen ýyl festiwala 60 ýurtdan 550 müň adam gatnaşdy. Şu ýyl bolsa 122 ýurt gatnaşdy. Türkiýäniň ähli şäherlerinden uly gyzyklanma boldy. 2 günde 250 müňden gowrak adam geldi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýede öndürilen ulaglar Ýewropanyň ýollarynda” söz başyly habarynda, awtoulag firmalarynyň önümçilik merkezine öwrülen Türkiýeden ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 170 ýurda 13 milliard dollarlyk ulag eksport edilen bolsa, satuwda Ýewropa ýurtlarynyň esasy orny eýeleýandigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “OECD Araky döwür üçin ykdysady habarnamasyny çap etdi” söz başyly habarynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň söwda söweşi hem-de syýasy näbellilik sebäpli global ykdysady we dünýäniň belli ýurtlary baradaky çaklamalaryny aşakladan bolsa, Türkiýäniň ykdysadyýeti boýunça 2019-njy ýyl üçin çaklamasyny ýokarlandyrandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýäniň beýgelişi dowam edýär” söz başyly habarynda, Türk milli ýygyndy futbol komandasynyň FIFA-nyň dünýä sanawynda 36-njy orny eýeländigine ünsleri çekýär. Gazet FIFA-nyň internet sahypasynda çap edilen sentýabr aýyndaky sanawa görä Belgiýa birinji, Fransiýa 2-nji, Braziliýa bolsa üçünji orny eýeleýär.



Degişli Habarlar