Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1256552
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Putin we Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirer” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbubat sekretary İbrahim Kalynyň ministrler kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinden soň beren beýanatynda Siriýanyň İdlib welaýatynda Türk ýaragly güýçleriniň harby ulag kerwenine guralan hüjüm boýunça Russiýa reaksiýa bildirilendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Kalynyň Prezident Erdoganyň golaýda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin we ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi baradaky meýilnamanmyň ilkinji tapgyry düýn başlady” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň amerikaly kardeşi Mark Esper bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda howpsyzlyk zolagyň döredilmegi boýunça garaşylýan başlangyçlary beýan edip, wagt ýitirmezden işe girişilmelidigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Uçar fabriki Türkiýä geler” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň türk maýadarlaryna degişli Germaniýadaky “Akuila awiasiýa” firmasynyň Türkiýede uçar fabrigini açmagy meýilleşdirýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ministr Warankyň: “Türk telekeçileriniň dünýäniň çar tarapynda maýa goýmagy we ondan alynýan girdejileri Türkiýede önümçilige goşmagy senagatymyz üçin möhüm” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary ýurtlylar Türkiýede uly mukdarda söwda edýär” söz başyly habarynda, Türkiýä gelen syýahatçylaryň ýylyň 7 aýynda eden söwdasynyň mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 70 göterim ýokarlandygyny mälim edýär. Habarda ortaça harajatlar taýdan seredilende 6,782 liralyk mukdar bilen Kataryň birinji orny, 6,441 lira bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň 2-nji, 5,412 lira bilen Germaniýanyň 3-nji orny eýeländigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Hytaýa 5 million tonna türk mermeri eksport edildi” söz başyly habarynda, Hytaýyň Türkiýedäki İlçisi Deng Liniň Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky mermer söwdasynyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkiýeden ýurduna geçen ýyl 5 million tonna blok mermeriň eksport edilendigini aýdandygyny ýazýar.

 



Degişli Habarlar