Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1255750
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly İdlibde türk harby ulag kerwenine guralan hüjüme reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň öňňin Siriýanyň İdlib welaýatynda Türk ýaragly güýçleriniň ulag kerwenine guralan hüjüm barada: “Hökümet ot bilen oýnamasyn. Esgerlerimiziň howpsyzlygy üçin degişli çäreleri göreris” diýendigini ýazýar. Gazet Çawuşoglynyň hüjümden soň Russiýanyň degişli edaralary bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Adyýamanda millionlarça ýyllyk foiller tapyldy” söz başyly habarynda, Adyýaman welaýatynyň Tut etrabynda millionlarça ýyllyk bolandygy çaklanylýan fosilleriň tapylandygyny mälim edýär. Gazet etrabyň ýaşaýjylarynyň dagda gezýärkä gören daşlaryny Tut etrap häkimligine habar berendiginii fosilleri ýerinde baryp gören etrap häkimi Ýunus Kyzylgüneşiň 100 million ýyllyk taryhy bolandygy çaklanylýan fosilleriň doly kesgitlenmegi hem-de öwrenilmegi üçin Stamulyň Tehniki uniwersitetine ugradylandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Daşary ýurtly maýadaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasy artýar” söz başyly habarynda, Türkiýä gelýän gönüden maýa goýumlaryň geçen ýylyň iýun aýyndan üstümizdäki ýylyň iýun aýyna çenli 6,3 göterim ýokarlap, 12,4 milliard dollara barabar bolandygyna ünsleri çekýär. Habarda ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda Türkiýä goýulan daşary ýurt maýa goýumlarynda Katar bilen Britaniýanyň öňe saýlanýandygy nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Gämi we ýahta pudagy Uzak Gündogara ýelken açdy” söz başyly habarynda, üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda 580 million dollara golaý eksport eden gämi we ýahta pudagynda Uzak Gündogara edilýän eksport mukdarynyň ýokarlandygyna üns çekilýär. Gazet ýylyň  7 aýynda Gonkonga 35,5 million, Singapura 30 we Ýaponiýa 13 million dollarlyk satuw edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Özer we Taner Kapri adasynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň belli perkussiýa senetkärlerinden Dinçer Özer bilen pianist Rüýa Taneriň İtaliýanyň syýahatçylyk zolaklaryndan biri bolan Kapri adasynda 20-njisi geçirilýän Halkara Kapri aýdym-saz festiwalynda şu gün agşam konsert berjekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar