Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1244853
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýe: Howpsyz zolagy ýeke başymyza dörederis” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär. Milli Goranmak ministrliginden: “Akar telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ABŞ-den garaşýanynyň, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e berýän goldawyny dolulygyna bes etmekdigini nygtady” diýip aýan edildi. Beýanatda: “Telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen umumy bir nokatda ylalaşmasak, Siriýada howpsyz zolagy ýeke başymyza döretmäge mejbur bolarys” diýip nygtaldy.

Star gazedi: “S-400-leriň ýany bilen HISAR-lar gelýär” söz başyly habarynda, Goranmak pudagynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygy bes etmek nokadyna ýetiren we ýerlilik derejesini 70 göterime ýetiren Türkiýäniň, ýerli we milli howa goranyş ulgamlary bilen baglanşykly işlerini hem çaltlandyrandygyny mälim edýär. Russiýadan satyn alynan S-400 Howa goranyş ulgamlarynyň oturtma işleri dowam edýärkä, Türkiýäniň milli howa goranyş taslamalary hem tamamlanyp barýar. Ýerli mümkinçilikler bilen özgerdilen “HISAR” howa goranyş topary taslamasy, 3 aýry ulgam bilen goşunyň inwentaryna alynar.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe Dünýäniň iň uly tebigy gaz toplaýyjysyny gurýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Aksaraýdaky Duz köli tebigy gaz toplaýyjyny giňeltmek taslamasy bilen bu ýerdäki 1,2 millard kub metr göwrümi 5,4 millard kub metre ýetirjekdiklerini aýan etdi. Fatih Dönmez Aksaraý welaýatyna Duz köli tebigy gaz toplaýyjysyny giňeltmek taslamasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin gelendiklerini habar berdi.

Sabah gazedi: “Gara injir eksporty başlady” söz başyly habarynda, Egeý sebitiniň möhüm oba-hojalyk önümleriniň biri bolan we Britaniýanyň şa maşgalasynyň hem saçagynda bolan gara injiriň eksportynyň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gara injiriň Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Russiýa, Dubaýa we Gongkonga eksporty başlady. Gara injir ganyň goýalmagynyň öňüni alyp, ýürek keselleri howpyny azaldýar, deridäki ýaralaryň tiz ýagdaýda gutulmagyny üpjün edýär, gan azlygyň öňüni alýar. Energiýa çeşmesi bolan gara injir astma (demgysma), üsgülewük we sowuklama ýaly keselleri bejergi etmek aýratnlygyna eýe bolup, içiň ýöremezligini ortadan aýyrýar, ganyň düzümindäki holesterin derejesini deňagramly tutmaga kömek berýär.

Watan gazedi: “Antalýada syýahatçylar plažlara we suw parklaryna üýşdüler” söz başyly habarynda, Antalýada howanyň ýylylyk derejesi 30 gradus, deňiziň suwunyň derejesi 29 gradus we howanyň çyglylyk derejesiniň bolsa 71 göterime ýetendigini beýan edýär. Salkynlanmak isleýän syýahatçylar Konýaalty we Lara diýilen ýerleriň plažlaryny doldurdylar. Adamlar ýüzip, sportyň suw görnüşleri boýunça özara bäsleşik geçirdiler. Meşhur suw parklarynyň biri bolan Akualanda baran syýahatçylar bolsa ir ertir bilen parky doldurdylar.



Degişli Habarlar