Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1242242
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogan: Sanksiýa hemleleri Türkiýäni hakly gowgasyndan el çekdirip bilmez” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň sanksiýa hemleleriniň Türkiýäni hakly gowgalaryndan el çekdirip bilmejekdigini aýdandygyny habar berýär. Prezident Erdogan Lozanna parahatçylyk şertnamasyna gol çekişilmeginiň 96-njy ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, şol seniň bir wagtyň özünde Garaşsyzlyk göreşiniň başlan gününiň 100-nji ýylydygyny ýatlatdy. Dünýäniň in bir güýçli harby gşunlaryna garşy alynypbarylan Milli göreşiň, Türkiýäniň garaşsyzlyk resminamasy bolan Lozanna ylalaşygy bilen çarpaýa galandygyny bellän Erdogan: “Türkiýe Respublikasy bir asyr ozal bolşy ýaly şu günki günde-de garaşsyzlygyna, geljegine, raýatlarynyň asudalygyna we howpsyzlygyna abanýan her bir wehimi ortadan aýyrjak güýje we berkararlyga eýedir” diýdi. Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde we Siriýada edýän başlangyçlarynyň türk milletiniň we Kipr türkleriniň hukuklaryny goramakdaky egilşiksizligini aç-açan orta goýýandygyny nygtan Erdogan: “Ýapyk ýa-da açyk, haýsydyr bir sanksiýa howpy Türkiýäni hakly gowgasyndan el çekdirip bilmez” diýdi.

Haber Türk gazedi: “Çawuşogly: Siriýada howpsyz zolak babatynda mundan beýläk sabrymyz galmady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi bilen baglanşykly ABŞ-nyň öňe süren täze teklipleriniň kanagatlanarly däldigini aýdandygyny belledi. Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi bilen baglanşykly edilýän işleriň üstünde durup geçen Çawuşogly: "ABŞ-nyň öňe süren täze teklipleri bizi kanagatlandyrjak derejede däl. Bu ýerde hem Manbij ýaly güýmemek etabyna baş goşmak islenýän ýaly bolup görünýär. Güýmemek etaby bolmaly däl. Iň gysga wagtda howpsyz zolak bilen baglanşykly bir ylalaşyga gelmelidiris. Biziň mundan beýläk sabyrymyz galmady. ABŞ bilen ylalaşyp bilmesek, gerek bolan çäreleri göreris" diýdi. 

Star gazedi: “Russiýa tehnologiýa boýunça Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar” söz başyly habarynda, Russiýa Federasiýasynyň Sifr galkynyş, aragatnaşyk we köpçülikleýin aragatnaşyk ministriniň orunbasary Mihail Wiktorowiç Mamonow, beren beýanatynda Russiýa bilen Türkiýäniň birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirendigini belläp: “Sifr ugrundaky hyzmatdaşlyk bolsa yza galýar. Ministrligimiz şu ýyl bu ýetmezçiligi tutanýerli ýagdaýda öwezini dolar. Öňümizdäki ýyllarda döwrebap şäher tehnologiýalary we kiber howpsyzlyk ýaly ugurlar boýunça Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys” diýip aýan etdi.

Watan gazedi: “Türk Akymda ilkinji gaz eksporty üçin tankydy etapdan geçildi” söz başyly habarynda, rus gazyny Türkiýä ýetirjek, ol ýerden bolsa Ýewropa daşajak Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň Türkiýäniň Kyrklareli welaýatyndaky kabul ediş terminalyndaky gurluşyk işleriniň 90 göteriminiň tamamlanandygyny mälim edýär. Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň kesgitlenen operasiýa senenamasy bolan 2019-njy ýylyň dekabr aýynda işläp başlamagy üçin möhüm bir sepgide ýetildi. Taslama şeýlelik bilen hem ençeme ýyllap Türkiýäniň we Ýewropanyň energetika howpsyzlygyny üpjün eder hem-de Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygyny berkider.

Sabah gazedi: “Türkiýeden blockchain göçümi” söz başyly habarynda, Prezident dolanşyk ulgamynyň ilkinji galkynyş meýilnamasy bolan we 2019-2023-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan XI Galkynyş maksatnamasynyň, TBMM-de kabul edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň 2023-nji ýyla çenli, başda ykdysadyýet bolmak bilen, ençeme ugur boýunça alyp barjak syýasatlary öz düzüminde jemlejek meýilnama görä, öňümizdäki döwürde blockchain sifr merkezi bank puly durmuşa geçiriler. Durmuşa geçiriljek bu sifr pul gollanmasy bolsa, Türkiýäni bu ugurdaky elýetmez merkeze öwürer.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar