Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1239920
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “Erdogan Bütin Dünýä Kipr meselesinde ýüzlendi: “Gerek bolan halatynda ýene gurarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gündogar Ortaýer deňzinde dartgynlyklaryň kölegesinde bellenilip geçilen Kipr Parahatçylyk Operasiýasynyň guralan gününde bütin dünýä egilşiksiz ýüzlenme berendigini ýazýar.

Gazet Erdoganyň: “Türkiýe Parahatçylyk Operasiýasyny Kipr adasynyň derejeli eýelerinden biri bolan Kipriň türk halkýnyň hak-hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin amala aşyrypdy. Türk goşuny Kipriň türk halkynyň janyny we howpsyzlygyny goramak üçin 45 ýyl ozalky pozisiýasyny eýelemekde egilşik etmez” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetiryär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Fuat Oktaý: “Gündogar Ortaýer deňzindäki barlaglarymyzy egilşiksiz dowam etdireris” söz başyly habarynda, Preizdentiň Orunbasary Fuat Oktaýyň Gündogar Ortaýer deňzinde energetika serişdeleri boýunça dowam edýän dartgynlyk barada: “Türkiýäni Antalýa aýlagý bilen çäklendirmäge synanşýanlar kontinental şelfimizde gözleg we gözegçilik işlerimizi egilşiksiz dowam etdirjekdigimizi bilsinler” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

Gazet Milli maksatlara laýyklykda Gündogar Ortaýer deňzinde iş alyp barýan gämilere we burawlaýyş platformalaryna ähli goragyň üpjün edilendigini nygtan Oktaýyň: “Türk deňizçileri Egeý we Gündogar Ortaýer denizlerinde ýurdumyzyň we kiprli türkleriň hukuklarynyň kepillendirijisi, parahatçylygyň we howpsyzlygyň hemaýatkäridir” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ykdysadyýetde milliard dollarlyk diplomatiýa” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Maliýe ofisiniň Stambulyň halkara maliýe merkezine öwrülmegi üçin dünýäniň maýadarlar potensialy iň ýokary bolan ýurtlarynda gepleşiklere başlandygyny ýazýar.

Habarda Maliýe ofisiniň Gonkonda, Pekinde we Şanhaýda ýokary derejeli gepleşikler geçirendigi, Aziýanyň bazarlary bilen geçirilen gepleşikleriň London we Nyu-Ýork ýaly beýleki merkezlerde hem geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Şeýle dowam etse Antalýa 16 milliondan köp syýahatçy geler” söz başyly habarynda, dünýäniň köp sanly ýurdundan myhman kabul edýän Antalýa şu ýýl häzirki wagta çenli 6,9 million syýahatçynyň gelendigine ünsleri çekýär.

Gazet Hünärmen myhmanhana dolandyryjylary jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ülkaý Atmajanyň: “Her gün güne rekord habarlary bilen başlaýarys. Bir günde 96,2 müň syýahatçy bilen günlük ýolagçy rekordy goýuldy. Şeýle dowam eden halatynda Antalýada 16 million daşary ýurtly syýahatçy maksadymyza artykmajý bilen ýeteris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Müňlerçe adam bogazda ýüzdi” söz başyly habarynda, Bosfor bogazynda 31-nji Bosfor materikara ýüzme bäsleşiginiň geçirilendigini mälim edýär.

Gazet Türkiýäniň we Stambulyň tanyşdýrylmagyna 30 ýyldan bäri goşant goşýan we “Dünýäniň iň bir belli Açyk ýüzme çäresi” derejesine eýe bolan bäsleşikde 59 ýurtdan ýerli we daşary ýurtly 2,400 ýüzüjiniň gatnaşandygyny mälim edýär.

 



Degişli Habarlar