Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1232621
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: S-400 uçarlara ýüklenýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Bosniýa-Gersegowina saparyndan ozal Stambulda beren beýannamasynda S-400 raketa ulgamynyň Türkiýä gowşurylmagy barada: “Häzirki wagtda taýarlyklar dowam edýär. Ýükleýiş işleri amala aşyrylýar. Ýerleşiş maksatnamalary, nirä ornaşdyryljakdygy Milli goranmak ministrligimiziň we Baş ştabyň garamagynda. Ýurdumyz, dünýämiz üçin bähbitli bolmagyny arzuw edýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Erdogan sosial mediada 15-nji iýula ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik gününiň çäginde Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň utgaşdyrmagynda geçiriljek çäreler üçin taýarlanan täze 15-nji iýul nyşanasyny Twitterde profiline goýandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türk filmleri Amerikan filmlerinden has içgin” söz başyly habarynda, 12 Punt TRT Senari Günleriniň” garaşsyz emin agzasy hökmünde Stambula gelen Oskar baýraklaryny berýän Kino sungatlary we ylymlary akademiýasynyň başlygy Jon Baileýiň “Türk kino-filmleri iňňän lezzet beriji. Amerikan filmlerinden diýseň tapawutly. Has içgin, asuda we duýguly atmosferalary bar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Arapapyşto kaniony görenleri haýran edýär” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Bozdogan etrabyndaky Arapapyşty kanionynyň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň üns merkezine öwrülendigini mälim edýar. Habarda Aýdyn, Denizli we Mugla welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Arapapyşty kanionynyň dünýäniň 8-nji gudraty atlandyrylýandygyny ýazýar. Gazet 17-nji aprelde syýahatçylary kabul etmäge başlan Kemer bendinde ýerleşýän kaniona günde ortaça 2 müň adamyň gelip görýändigini habar berýär.

“Watan” gazeti “THÝ-niň “Maçka” uçary şehit Eren Bülbüliň hatyrasyna Trabzona uçdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň flotuna goşulan “Boeing 787-9 Draýmler” kysymly “Maçka” atly uçaryň ilkinji saparyny ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan 16 ýaşynda şehit edilen Eren Bülbüliň hatyrasyna Stambul-Trabzon arasyna gurandygyny aýan edýär.



Degişli Habarlar