Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1232169
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli howpsyzlyk  guramasynyň we Türk ýaragly güýçleriniň bilelikdäki operasiýasy: PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň başlykly we ýerine ýetiriji geňeşi atlandyrylýan toparyň agzasy Diýar Garip Muhammediň Milli howpsyzlyk  guramasynyň we Türk ýaragly güýçleriniň bilelikde geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe ýerli derman üçin ýokary tagalla girişdi” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň “Derman önümçiliginde ösüş depginimiz 48 göterim, ýagny daşary ýurtlara bolan garaşlylygymyz 52 göterim. Geljekki döwürde derman, lukmançylyk enjamlary we sanjymlar boýunça ýerlileşmäni ösdürýän we daşary ýurtlara garaşlylygy azaldýan strategiýany iş ýüzüne geçireris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýawuz” gämisi burawlaýyş işlerine taýarlanýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň “Ýawuz” burawlaýyş gämisini geçen hepde Gebzeden ugradandyklaryny nygtap: “Gäminiň häzirki wagtda Mersiniň Taşuju etrabynda barlaglary we abatlaýyş işleri alynyp barylýar. Enşalla bir hepdäniň dowamynda Gündogar Ortaýer deňzinde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan alan rugsadymyza laýyklykda Karpzda ilkinji burawlaýyş işine başlarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Stamulyň howa menzilleri 6 aýda 48 million ýolagçyny gatnatdy” söz başyly habarynda, dünýäniň esasy awia merkezlerinden biri bolan Stambuldaky howa menzillerinde ýylyň alty aýlyk döwründe 337 müň 218 içerki we halkara gatnawy bilen jemi 48,7 million ýolagçynyň gatnadylandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti” “Türkiýe kakadylan erik önümçiliginde we eksportynda lider” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň Ekerançylyk barlaglary we syýasatlary boýunça baş müdiri Özkan Kaýajanyň Türkiýänň dünýä boýunça kakadylan erik önümçiliginde 63 göterimlik paýa eýedigini nygtap: Türkiýe kakadylan erik önümçiliginde we eksportynda lider” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar