Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1216984
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Russiýa beýanat berdi: “Türkiýä S-400-iň satuwynda gyşarnyklyk ýok” söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakowyň ABŞ-nyň edýän göçümlerine garşy resmi Ankara bilen Moskwanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda ähli borçlaryny wagtynda we gyşarnyksyz berjaý etjekdiklerini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Germaniýa Türkiýe barada öwgüli beýanat berdi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministriniň orunbasary Tomar Bareissiň Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda energetika, transport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk potensialynyň “ägirt uludygyny” aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Stambulda öndürip dünýä satdyk” söz başyly habarynda, Stambuldaky eksportçylaryň ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda dokma we trikotaž, awtoulag we gök hem-de miwe önümlerine, altyn-kümüş we goranyş pudaklaryny öz içine alýan 27 ugurda öndüren 29,8 milliard dollarlyk harydy dünýäniň 227 nokadyna ýetirendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Rus syýahatçylaryň tomusky merkezi ýene-de Türkiýe” söz başyly habarynda, rus syýahatçylaryň dynç alyşlaryny ýene-de Türkiýede geçirmegi saýlap alýandygyny, ýylyň 5 aýynda Türkiýä gelen rus syýahatçylarynyň sanynyň 1,3 milliona golaýlandygyny mälim edýär. Gazet resmileriň üstümizdäki ýylyň dowamynda 6 milliondan gowrak rus syýahatçysynyň gelmegine garaşylýandygyny beýan edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Müňlerçe adam geldi! Äpet gämiler ýanaşdy…” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna labyryny taşlan 4 kruiz gämisinden 4,800 syýahatçy bilen 2,370 adamdan ybarat ekipažyň şähere gelendigini, gämilerden düşen esasy bölegi Amerikaly ýolagçylardan käbirleriniň awtobuslar bilen Efes we Bibi Merýem buthanasy ýaly ýerlere gezelenje gidendigini ýazýar.



Degişli Habarlar