Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1196578
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Prezident Rejep Taýýip Erdogana Remezan gutlagy” söz başyly habarynda, Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä, Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmut Abbas, Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani we Yragyň Prezidenti Berhem Salihiň Prezident Erdogana jaň edendigini habar berýär. Liderler telefon söhbetdeşliginde, Prezident Erdogany, Remezan aýy bilen gutlap, bu aýyň Yslam dünýäsi we bütin dünýä üçin haýyr getirmegini dilediler.

Star gazedi: “S-400 Türkiýe üçin strategik göçüm” söz başyly habarynda, Goranmak we howpsyzlyk hünärmeni Ýusuf Alabardanyň, Türkiýedne Russiýadan satyn aljak S-400 howa goranyş ulgamlarynyň Siriýadan Gündogar Ortaýer deňizine, Egeý deňizinden Çanakgala we Bosfor bogazyna çenli ýurdyň ençeme ýerinde täsirli boljakdygyny aýdandygyny beýan edýär. Alabarda, S-400-leriň saýasynda şeýlelik bilen bütin geografiýada Türkiýä garşy edilmegi ähtimal hereketleriň ortadan aýryljakdygyny belledi.

Haber Türk gazedi: “Nordik ýurtlaryndan gelen syýahatçylaryň sany artýar” söz başyly habarynda, Antalýanyň we Alanýanyň Nordik ýurtlary üçin syýahatçylyk taýdan möhüm bir merkez ýagdaýyna öwrülendigini nygtaýar. Şu ýylyň ilkinji 4 aýynyň görkezijilerine görä Şwesiýadan Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynda 42 göterimlik, Norwegiýadan 87 göterimlik, Daniýadan 18 göterimlik we Finlýandiýadan 14 göterimlik bir artyş bar. Beýleki tarapdan bolsa syýahatçylyk pudagynyň wekilleri, ýylyň ilkinji 4 aýynyň görkezijilerine ser salynanda Türkiýäniň 2019-njy ýylda syýahatçy sany boýunça rekord goýjakdygyny belleýärler.

Hürriýet gazedi: “Bor elemendiniň ýene-de bir peýdasy ýüze çykdy” söz başyly habarynda, Afýon Kojatepe uniwersitetiniň Weterinariýa fakultediniň mugallymy Dos. Dr, Mustafa Kabu bilen Dos. Dr. Rejep Karanyň, bor goşulan azyk önümler bilen baglanşykly geçiren 5 ýyllyk derňewleriniň netijesinde süýt, peýnir, ýogurt, gaýmak,şöhlat ýaly et we süýt önümleriniň ulanylyş möhledini 20 göterim artdyryp, elemendiň düzümindäki minerallaryň adamyň bedenindäki peýdasyny artdyrmagy başardylar.

Watan gazedi: “Kagyzda daşary ýurtlara bolan garaşlylygy azaltjak göçüm” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, 19 ýyl arakesmeden soň täzeden işlemäge başlan Balykesir SEKA fabriginiň kagyz öndürjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Fabrige 140 million dollarlyk maýanyň goýulandygyny aýdan Warank: “Bu goýulan maýanyň netijesinde 150 million dollarlyk importyň öňüne geçiler we kagyzy ýurdumyzda öndürip bileris” diýip belledi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar