Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1178995
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Ibrahim Kalyndan Netanýaha reaksiýa” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Günbatar Şeriada bikanun gurulan ýaşaýyş ýerleri, saýlawdan soň Ysraýylyň düzümine goşjakdygy baradaky sözlerine nägilelik bildirendigini habar berýär. Kalyn sosial media hasabyndan beren beýanatynda: “Bu beýanat Netanýahunyň basyp alyjylygyny kanuny hökmünde görkezmegiň başga bir mysaly. Ýaňadandan saýlansa bu demokratiýanyň ýeňişi bolarmy, ýa-da basyp alyjylygyň?” sözlerini ulandy.

Haber Türk gazedi: “Uzak Gündogarly syýahatçylar üýşüp geldiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň köp syýahat edilýän ýerleriň biri bolan Pamukkaleniň, 2019-njy ýyla gowy girip, ilkinji 3 aýda syýahatçy sanyny 25 göterim artdyrandygyny mälim edýär. Şu ýyl 3 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýan bu syýahatçylyk zolagyna ýylyň ilkinji aýlarynda Uzak Gündogarly syýahatçylar uly gyzyklanma bildirýärler. Nemes we rus tursitleriň bolsa öňümizdäki aýlarda gelip başlamagyna garaşylýar.

Sabah gazedi: “33 sagatda tamamlandy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uly howa menzili bolan Stambul howa menziliniň göçüriliş işleriniň, üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 45 sagatda tamamlanmagyna garaşylan göçüriliş işleri 33 sagatda tamamlandy. Türk howaýollary göçüriliş işlerinden soň, täze öýünden ilkinji uçar saparyny Ankara gurady.

Star gazedi: “Kiçijek Gerkulesiň durmuşy filme geçirildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Sport taryhyna arşa göteren Naim Süleýmanoglunyň durmuşy sahnalaşdyrylan “Kiçijek Gerkules Naim Süleýmanogly” atly filminiň, 25-nji oktýabrda görkezilmäge başlanjakdygyny aýan edýär. Režissýory Özer Feýziogly boljak filmiň kinemotografisti Martin Sezanow, montažçy Mustafa Preşewa, aýdym-sazlaryny bolsa Fahir Atakogly taýýarlar. Filmiň prodýuseri bolsa “Aýla”, “Müslüm” we “Sisero” ýaly filmleriň prodýuseri bolan Mustafa Uslu bolar.

Ýeni Şafak gazedi: “Stambul ýarym marafonynda keniýalylaryň üstünligi” söz başyly habarynda, Stambul ýarym marafonynda ýeňijileriň belli bolandygyny beýan edýär. Erkekleriň arasynda keniýaly Benard Negno 59 minut 56 sekuntlyk dereje bilen çempion boldy. Zenanlaryň arasynda bolsa keniýaly Ruth Çepngetiç, 1 sagat 5 minut 30 sekuntlyk dereje bilen çempion boldy.


Etiketkalar: #metbugat , #zenan , #erkek , #çempion

Degişli Habarlar