Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1176124
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “AFAD Mozambige çadyr şäherçesini gurdy” söz başyly habarynda, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) bilen Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň İdai tupany sebäpli agyr ýitgi çeken Mozambikde öýsüz galanlara uly kömek berýändigini ýazýar. Gazet AFAD-yň toparlary tarapyndan apatdan agyr ýitgi çeken şäherlerden biri bolan Berianyň golaýyndaky Tija etrabynda çadyr şäherçesiniň gurulandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “İlkinji uçuş edildi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň paýtagty Tel-Ewiwden Muglanyň Bodrum etrabyna ilkinji çarter uçuşynyň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Milas-Bodrum howa menzilinde Tel-Awiwden möwsümiň ilkinji çarter uçuşy bilen gelen syýahatçylar gül desseleri bilen garşylandy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany ýarym milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Antalýa 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25 göterim ýokarlap, 571,2 müňe barabar bolandygyna ünsleri çekýär. Habarda gelen syýahatçylaryň sanawynda nemesleriň birinji, ruslaryň bolsa ikinji orny eýeleýändigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Günorta koreýaly suratçy we bloggerler Adyýamany surata aldy” söz başyly habarynda, “National Geografik Traweleriň” suratçylarynyň we meşhur bloggerleriniň degişli bolan 8 adamlyk Günorta Koreýa toparynyň Adyýaman welaýatyna gelip, şäheriň taryhy we syýahatçylyk ýerlerini gezip görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet toparyň BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzüminiň Dünýäniň Medeni Miras sanawynda orun alýan Nemrut dağyny, gadymy Perre şäherini, Kahta galasyny, Jendere köprüsini, taryhy Arsemia zolagyny we Karakuş gorganyny gezip görendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Ýawuz Soltan Selim köprüsi gök reňke bürendi” söz başyly habarynda, Stambuldaky Ýawuz Soltan Selim köprüsiniň 2-nji aprel Awtizm gününe ünsi çekmek üçin düýn agşam gök reňkli çyralar bilen ýagtyldylandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar