Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1171432
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan: Tramp, kimiň ýerini Ysraýyla berýärsiň?” söz başyly habarynda,Erdoganyň Stambul şäherinde geçirilen programmalaryň birinde, Trampyň Golan depelerini Ysraýylyň territoriýasy hökmünde kabul edýän kararnama gol çekmegini tankyt edendigini habar berýär. Gazet Erdoganyň: “Tramp, kimiň ýerini Ysraýyla berýärsiň! BMG-niň 1967-nji ýyldaky karary bar. BMG-niň kararyna görä ol ýer Siriýanyň territoriýasy. BMG-niň kararyna garamazdan, sen nädip Golan depelerini Ysraýyla peşgeş berýärsiň. Ýewropa Bileleşigi muny kabul etmeýär, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy hökmünde biz hem kabul etmeýäris, Russiýa kabul etmeýär, Hytaý kabul etmeýär, BMG-niň Howpsyzlyk geňeşinden bular ýaly karary çykarmagyň mümkin däl. Gün güýçlüniňki, gowurga dişliniňki. Bular ýaly zat bolup bilermi? Biz haýsy dünýäde ýaşaýarys?” sözlerini ulanandygy beýan edilýär.

Watan gazedi: “Daşary işler ministri Çawuşoglyndan Arap ýurtlaryna Golan depeleri bilen bagly nägileligi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa degişli Golan depeleriniň Ysraýyla degişlidigini öňe süren kararnama goý goýmagyna reaksiýa bildirmedik Arap ýurtlaryna garşylyk görkezendigini malim edýär. Habarda Antalýada çykyş eden Çawuşoglynyň Trampyň kararyna ilkinjileriň hatarynda garşy çykan ýurduň Türkiýedigini aýdandygy bellenýär. Gazet Çawuşoglynyň: “Arap ýurtlary ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa degişli Golan depeleriniň Ysraýyla degişlidigini öňe süren kararnama goý goýmagyna garşylyk görkezmedi. Türkiýe, Trampyň kararyna ilkinjileriň hatarynda garşylyk görkezdi. ÝB hem karara reaksiýa bildirdi emma käbir arap ýurtlary Amerikadan we Ysraýyldan gorkýandyklary üçin sesini çykarmady” diýendigini aýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Hindistanly işewür adam Manpreet Singh: Türkiýä maýa goýmagyň tüýs wagty” söz başyly habarynda, Hindistanyň Halkara söwda palatasynyň başlygy Manpreet Singhiň, ýurdundaky maýadarlary üçin Türkiýä maýa goýmagyň tüýs wagtydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň, Ýewropa we Orta Gündogar ýurtlarynyň arasynda bir merkez ýagdaýyndadygyny aýdan Singh: “Mundan başgada Ýewropa Bileleişigi bilen örän gowy gatnaşyklarda bolan türk kärhanalary bar. Bu ugurda hem hindistanly kärhanalar türk kärhanalaryndan peýdalanyp biler” diýdi.

Hürriýet gazedi: “2019-njy ýylda syýahatçylaryň sanynda 15 göterimlik artyşyň bolmagyna garaşylýar” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň, 2019-njy ýylyň syýahatçylyk möwsüminden garaşýan netijelerini aýan edendigini beýan edýär. Adam sanynda 15 göterimlik bir artyşa garaşýandyklaryny aýdan ministr Ersoý, möhletinden irki rezerwasiýalaryň örän köpdügini habar berdi. Ersoý: “Esasan hem kottejleriň bolan ýerlerinde bu san has hem köp bolup biler. Türkiýe 2019-nji ýylyň dynç alyş möwsümini gowy geçirer” diýdi. Ministr Ersoý, syýahatçylyk möwsüminiň möhlediniň uzatmak we ýokary hilli syýahatçy getirip bilmek üçin medeniýet we sungat bilen eriş-argaç bolan bir syýahatçylyk düşünjesine gönügendiklerini mälim etdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň altyn önümçiligindäki 2023-nji ýyldaky maksady 50 tonna” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministriiniň orunbasary Mithat Jansyzyň, Türkiýäniň 2000-nji ýyla çenli altyn öndürmändigini belläp, “Türkiýe 2013-nji ýylda rekord dereje bolan 33,5 tonna altyn öndürdi. Bu dereje 2018-nji ýylda 27,1 tonna çenli aşaklady” diýendigini mälim edýär. Soňky 30 ýylda artan gözleg işleriniň netijesinde tapawutly gorlaryň tapylandygyny aýdan Jansyz, maksatlarynyň 2023-nji ýylda 50 tonna altyn öndürmekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar